Habarlar
Habarlar
Türkmenistanda “E-mekdep” bitewi elektron meýdança işe girizildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýalar-maglumat merkezi Türkmenistanda bilimiň sanlylaşdyrylmagyna möhüm goşant goşan mugallymlar, ene-atalar we mekdep okuwçylary üçin «E-mekdep», bitewi elektron meýdançany işe girizdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
“Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistan bazaryna gyzyklanma bildirýär
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasynda gulluk iş saparynda bolýar. Türkmen wekiliýet bu ýurtda geçirilýän “World Smart City Expo” atly Bütindünýä sergisi gatnaşdy we birnäçe gepleşikler geçirdi.
Halkymyzyň abadançylygy — özgertmeleriň baş maksady
Türkmenistanda baş baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek giň gerimli dabaralara taýýarlyk görülýär. Bu taryhy sene durmuşyň ähli ulgamlaryndaky üstünlikler bilen garşylanylýar.
Türkmenistanda ýaşlar üçin halypalyk onlaýn meýdançasy açyldy
Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy “Ýaşlara halypalyk” atly onlaýn meýdançasyny döretdi. Ýaponiýanyň Hökümetiniň maliýe goldawy bilen durmuşa geçirilýän bu başlangyç tejribeli hünärmenlerden peýdaly bilimleri we endikleri almaga mümkinçilik berer.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini ösdürmegiň barşy bilen tanyşdy
22-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylar bilen şäheri ösdürmegiň wajyp meselelerini hem-de öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdy.
2024-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Geçen aýda geçirilen köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, hökümetara toparlaryň mejlisleri we ýurdumyzyň durmuşyndaky beýleki wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar — döwletler, iri halkara we sebit guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary netijeli ösdürmäge ýardam berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda 3 baýraga mynasyp boldy
“Akylly” Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilýän «2024 World Smart City Expo» atly akylly şäherleriň halkara sergisiniň baýrak gowşuryş dabarasynda 3 sany baýraga mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.