Habarlar
Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy
8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Sanly okuw hepdeligine gatnaşýar
2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda «Bilim üçin dolandyrylýan tehnologiýalar» atly şygar astynda Sanly okuw hepdeligi 2024-e badalga berildi.
2025-nji ýylda halkara elektron ýol-ulag resminamasy Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň derejesine çykar
2025-2026-njy ýyllarda elektron CMR-i Russiýada we Belarusda senagat taýdan ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär. Bu barada «ДМТК» awtonom telekeçilik däl guramasynyň halkara ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmak bölüminiň baş hünärmeni Wladimir Korostelýow «Sanly transportasiýa — 2024» forumynda eden çykyşynda beýan etdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
6-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Geçen ýedi aýda ulag ulgamy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy
Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýoly 5 ýylda gurlar
Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýolunyň 5 ýylda guruljakdygy bellenildi. Bu barada Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow halkara ylmy maslahatda eden çykyşynda belläp geçdi.
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
Sizi beýik baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan Türkmenistanyň zehinli çagalarynyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Arkadag şäheriniň 1-nji mekdebinde robot tehnikasy boýunça gurnak açyldy
1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanda UNICEF Bilim ministrligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň 1-nji mekdebinde robot tehnikasy boýunça täze gurnagy açdylar. Gurnagyň maksady – amaly bilimler arkaly ylym, tehnologiýa, inženeriýa, sungat we matematika (STEAM) boýunça desrleri öwrenip, beýleki mekdepler üçin göreldeli nusga bolmakdyr.
«Awtoulag ýükden köp»: ýük daşaýjy nyrhlaryň peselmegini ýük gatnatmaklyga islegiň pese gaçmagy bilen düşündirýär
Russiýada awtoulagda ýük daşamak islegi juda azaldy. Bu barada «Cargo Dragon» ulag kompaniýasynyň baştutany Maksim Kriştopow «Kommersantyň» žurnalistlerine gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.