Habarlar
Habarlar
LG we Samsung dünýäde ilkinji emeli aň tehnologiýaly smartfony taýýarlaýar
Alyjylar elektronikasynyň iň iri dünýä öndürijileriniň biri bolan Günorta Koreýanyň LG kompaniýasy beýleki iri kompaniýalaryň biri bolan Samsung bilen bilelikde dünýäde ilkinji emeli aň tehnologiýa binýadynda smartfony taýýarlaýarlar.
“Yutong” Türkmenistana ekologiýa taýdan arassa awtobuslary hödürleýär
Hytaýyň öňdebaryjy awtobus öndürijisi “Yutong Bus Co., LTD” kompaniýasy wodorod, elektrik, gibrid modelleri ýaly ekologiýa taýdan arassa ulag serişdeleriň giň görnüşlerini hödürleýär. Bu barada kompaniýanyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça baş direktory Li Haýfen çarşenbe güni Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly maslahatda mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul edişlikleri
27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny hem-de “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi.
Paýtagtymyzda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahat we sergi geçirilýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Belarus Türkmenistany eksport üçin möhüm üstaşyr ugur hökmünde görýär
Türkmenistan Eýranyň we Hindistanyň bazarlaryna çykalgasy bolan belarus harytlarynyň eksporty üçin üstaşyr ugurlary giňeltmekde möhüm orun eýeläp gelýär. Bu barada Belarus demir ýol edarasynyň ýük we daşary ykdysady gatnaşyklar gullugynyň başlygy Sergeý Pristawka “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly maslahatda belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistan, Eýran we IRU üstaşyr howpsuzlygy güýçlendirmek üçin Ähtnama baglaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Eýranyň Gümrük dolandyryş edarasy we Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) sişenbe güni “ITTC 2024” halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
Düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady.
Şu gün “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergi öz işine başlaýar
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
TULM Etrek stansiýasynyň üsti bilen multimodal gatnawlary ýerine ýetirýär
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň stansiýalaryndan gelýän dürli import ýükleri Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edýär.
«Belet Film» ykjam programmasynyň işleýşini kämilleşdirdi
Meşhur türkmen onlaýn kinoteatry «Belet Film» ykjam programmasy üçin möhüm täzelenme çykardy. Bu gezek döredijiler ulanyjy tejribesini, howpsuzlygyny we nawigasiýa ýeňilligini ýokarlandyrmaga ünsi jemlediler:
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.