Habarlar
Habarlar
«Turkish Airlines»-yň Aşgabatdaky satuw ofisinde howa gatnawynda daşamak bolmaýan zatlar barada gürrüň berdiler
«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabatda ýerleşýän satuw ofisinde ýolagçy howa gatnawy mahalynda goşlary we zatlary uçarda, şeýle hem ýanyň bilen daşamagyň düzgünleri barada gürrüň berdiler. Awiakompaniýanyň wekilleri howa gatnawlarynyň halkara düzgünlerine laýyklykda, käbir zatlary uçarda we el goşuň hökmünde ýanyňda daşamagyň gadagan edilýändigini düşündirdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara uçuşlarynyň täze tertibi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy» şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi.
“Täjik demir ýollary” GDA ýurtlaryndan ýükleri daşamak üçin uly arzanladyşlar hödürleýär
“Täjik demir ýollary” Döwlet bitewi kärhanasy GDA ýurtlaryndan demir ýol arkaly gatnawlar üçin uly arzanladyşlary hödürleýär. Bu barada Respublikanyň Ulag ministrliginiň metbugat merkezine salgylanyp, Täjigistanyň milli habarlar gullugy «Ховар» habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy
3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady.
"Türkmenaragatnaşyk" agentligi Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti üçin hünärmenleri taýýarlaýar
"Türkmenaragatnaşyk" agentligi Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly goldaw berýär. Bu maksatnamanyň esasy bölegi Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanynda "Sanly çözgüt – IT meýdança" hojalyk jemgyýetiniň döredilmegi boldy.
“Sanly şäher” mobil goşundysy tapgyrlaýyn işe girizilýär
Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin “Merkezi elektron ulgam” taslamasy işlenip taýýarlanyldy we tapgyrlaýyn birnäçe programmalar işe girizildi.
“Boeing” kompaniýasyna täze ýolbaşçy bellendi
“Boeing” korporasiýasynyň täze baş direktory wezipesine 64 ýaşly Kelli Ortberg bellendi. Ol 8-nji awgustda wezipesine girişer.
Türkmenistan — parahatçylygyň we abadançylygyň mekany
Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirýän giň möçberli işleri ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna gönükdirilendir.
Daşary ýurtly syýahatçylaryň ýurdumyza islegi barha artýar
Soňky döwürde Türkmenistanda operatorlar tarapyndan berilen daşary ýurtlular üçin syýahatçylyk bukjalarynyň sany, takmynan, 50% ýokarlandy. Bu barada «Голос СНГ» neşiri habar berdi. Degişli ösüş 2018 — 2020-nji ýyllara görä hasaba alyndy. Esasan hem taryhy ýerele toparlaýyn syýahatlara isleg bildirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.