Habarlar
Habarlar
Diýarymyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
27-nji oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Olaryň çäklerinde sergiler, maslahatlar, alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, beýleki medeni çäreler geçirildi.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi
26-njy oktýabrda paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitindäki çykyşy
Ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti hormatly Wladimir Wladimirowiç Putine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. Türkmenistan «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitine ilkinji gezek gatnaşýar. Biz şeýle wekilçilikli çärä çakylyk üçin minnetdarlyk bildirýäris we muny Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşany hökmünde kabul edýäris.
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
Kazan şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
«Türkmentel – 2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2024-nji ýylyň 14 - 16-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
24-nji oktýabrda Kazan şäherinde geçýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy
24-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
OGT-2024: Türkmenistan tebigy gazyň geljegi we maýa goýum mümkinçilikleri barada maslahatlaşýar
24-nji oktýabrda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” atly 29-njy Halkara ylmy maslahatynyň we sergisiniň işiniň ikinji güni dowam edýär. Çäräniň çäklerinde iki sany bölümçe çekişmeleri geçirilip, onda täze eksport ugurlaryna we türkmen tebigy gazyň mümkinçiligine aýratyn üns berildi.
Konteýnerlere bolan isleg artýar
Ýaponiýanyň «Mitsubishi HC Capital» maliýe holdingine degişli bolan amerikan lizing kompaniýasy «CAI International» Gyzyl deňziniň sebitindäki ýagdaý bilen baglanyşykly ýüze çykan konteýner enjamlaryna bolan islegiň artmagy sebäpli, 700 müň konteýneriň, şol sanda 70 müň ref konteýnerleriniň öndürilmegi üçin 1,35 milliard dollar maýa goýýar.
Ulag ulgamy — ykdysadyýetimiziň möhüm ugry
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasy ugruna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek bilen, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasyny barha ilerledýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.