Habarlar
Habarlar
«Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» CASCA+ ugry boýunça ýük daşamalar üçin ýörüte ýeňillikli bahalary hödürleýär
«Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» APJ Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen CASCA+ Türkmenistan – Ýewropa we Ýewropa – Türkmenistan ugry boýunça ýük daşamalar üçin ýörüte ýeňillikli bahalary hödürleýär diýlip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär.
Dostluk gezelenji. Taklamakan we Ýüpek ýoly ýörişi 2024 Hytaýyň Horgos şäherinde başlandy
2024-nji ýyldaky Taklamakan we Ýüpek ýoly ýörişi Hytaýyň Sinszýan uýgur awtonom sebitindäki Horgosda başlandy. Bäsleşige Hytaýdan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan gelen 130-dan gowrak ýaryşçy gatnaşýar.
Töleg hyzmaty işe girizildi
Telegram messenjerini esaslandyryjy telekeçi Pawel Durow täze hyzmatyň - Bot Payments töleg ulgamynyň işe girizilendigini habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi halkara bäsleşik yglan edýär
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi aşakdaky lotlar boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär
ABŞ-nyň NASA kosmos gullugy Aýda otly gatnawyny amala aşyrmak üçin ilkinji ädimini ätdi. ” Flexible Levitation on a Track” (FLOAT) atly taslamanyň 2030-njy ýyllarda Aý bazasynyň işlemegi üçin “möhüm” boljakdygy bellendi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy
14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy.
Türkmenistanda raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak meýilleşdirilýär
Türkmenistanda uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça döwlet inspektorlaryny taýýarlamak hem-de awiasiýa howpsuzlygy boýunça milli gözegçi ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak işini ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Ýolsuz ýerde hereket edýän «BYD Shark» 14-nji maýda tanyşdyrylar
«BYD Auto» kompaniýasy «BYD Shark» atly ilkinji elektrik pikabynyň 14-nji maýda peýda boljakdygyny resmi taýdan yglan etdi. Onuň tanyşdyrylyşy Meksikada geçer.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeri kabul etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.