Habarlar
Habarlar
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy döwlet syýasatynyň baş maksadydyr
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
Ýewropa Bileleşiginiň ulag pudagynyň görkezijileri peselýär
2023-nji ýylda Ýewropanyň ýük ulaglarynyň gatnawlarynyň bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende, hakyky bahalarda 0,4 %, nominal bahalarda 4,1 % kemelip, 448,65 milliard ýewro ýetdi.
Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça halkara forum geçiriler
Şu ýylyň 27-28-nji martynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty guramak meýilleşdirilýär. 1-nji martdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa bu halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Dünýäniň konteýner daşamak bazaryndaky isleg artdyrylar
«Draýwer» konteýner daşamaga bolan islegiň artmagy we Panama hem-de Sues kanallarynyň üsti bilen ýük daşamak boýunça konteýner üpjünçilik zynjyrynyň haýallamagy bilen baglylykda, dünýäniň konteýner parkynyň ösüşiniň çaltlaşjakdygyny çaklaýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.
Döredijilik ýoly bilen Watanymyzyň beýik geljegine tarap
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler 22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň esasy mazmunyny düzdi.
Gazagystan bilen Özbegistanyň aralygynda ýük daşamak işi ýönekeýleşdiriler
Özbek rugsatnamasynyň berilmegini has ýönekeýleşdirmek üçin Gazagystan Respublikasynyň ulag, maliýe hem-de sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrleriniň bilelikdäki buýrugynyň taslamasy işlenip düzüldi. Buýruk özbek rugsatnamalarynyň blankalaryny bermek üçin synag taslamasyny durmuşa geçirmek barada bolup durýar.
“Demirýollary” AGPJ Halkara zenanlar gününine bagyşlanan çäre geçirdi
Toýlary toýa ulaşýan eziz ýurdumyzda ýene-de bir şanly baýramçylyk Halkara zenanlar gününi dabaraly belläp geçmäge bagyşlanan çäreler yzygiderli guralýar. Şeýle çäreleriň biri 4-nji martda “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Mejlisler jaýynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda geçirildi.
Aşgabatdan Stambula hepdede 11 gezek uçuṣ amala aṣyrylar
Şu ýylyň aprel aýynyň 1-den başlap Stambul – Aşgabat we Aşgabat – Stambul ugry boýunça ýene-de 2 sany uçuş saparlarynyň goşulandygyny Size habar bermek isleýäris. Indi tomusky täze tertibe laýyklykda bu ugur biýunça hepde de jemi 11 sany gatnaw amala aşyrylar. Bu barada “@eshretli_travel” habar berÿar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.