Habarlar
Habarlar
1637739a4d2f7c.jpeg
5 ýyl ozal
Zehinli ýaşlar — şu günümiz hem geljegimiz

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Şoňa görä, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrebap bilimli, watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň ýetişmegi, saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmekleri üçin uly aladalar edilýär.

1637605fe1f766.jpeg
5 ýyl ozal
Ýaşlar bilen diňe öňe

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň rowaçlanýan, türkmen ýaşlarynyň ykbalynyň täze belentliklere göterilýän eşretli eýýamyna öwrüldi. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünliki durmuşa geçirmäge gönükdirilen syýasy-jemgyýetçilik çäreler ýokary derejede ýaýbaňlandyryldy. Muňa «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda bolup geçen taryhy wakalar hem aýdyň şaýatlyk edýär.

163752e487b2a4.jpeg
4 ýyl ozal
Belent sepgitleri nazarlaýan pudak

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň gurluşyk senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary we döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalarynyň kuwwatyny artdyrmak, öndürilýän senagat we gurluşyk önümleriniň görnüşlerini köpeltmek, Diýarymyzda giň gerimde alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyklary gurluşyk materiallary bilen ýeterlik derejede üpjün etmek boýunça ähli zerur bolan işler alnyp barylýar.

163524ff14c7a1.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi isleg bildirýänleri ähli derejelerde ulagy dolandyrmagy öwrenmäge çagyrýar

Awtoulag serişdesini dolandyrmak üçin sürüjilik şahadatnamasyny almak hakyndaky karara gelmek bilen, ilkinji nobatda, özüňize haýsy derejäniň gerekdigine düşünmek zerurdyr. Bu siziň sürüjilik şahadatnamasyny alanyňyzdan soň haýsy ulag serişdesini dolandyrmagy meýilleşdirýändigiňize baglydyr. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi wekili sürüjilik derejeleriniň arasyndaky tapawudy düşündirdi.

163752725dd67e.jpeg
5 ýyl ozal
Gurýan döwlet - gurpludyr!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýlan strategik durmuş-ykdysady wezipeleri çözmek Türkmenistanyň gurluşyk, gurluşyk önümçiligi we senagat ulgamynyň işiniň möhüm ugrudyr. Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda ykdysadyýetiň bu ulgamlaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

163520d2299ac0.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Russiýa Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesinde konteýner hyzmatyny ýola goýmakçy

Deslapky çaklamalara görä, 2025-nji ýyla çenli Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Russiýadan eksporta iberilýän önümleriň umumy mukdary ýylda 5 million tonnadan gowrak bolup biler.

16375221c0c549.jpeg
4 ýyl ozal
Paýtagtymyzyň täze desgalar toplumy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda garşy alýan günlerimiziň her biri bagtyýarlyga, rowaçlyga beslenýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bolsa her bir güni şanly senelere, toýdur baýramlara beslenýär. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ösüş maksatnamasyny hemişe gözegçilikde saklaýar, şähergurluşygy bilen içgin gyzyklanyp, her bir taslamany synçy nazaryndan geçirýär.

163520cf07c16b.jpeg
2 ýyl ozal
Täze Hytaý ― Türkiýe ugrunyň taslamasy Türkmenistanyň üsti bilen geçer

Türkmenistan Hytaýdan Türkiýä çenli uzajak täze ýük geçiriş taslamasynyň merkezinde bolar. Bu barada logistika boýunça geçirilen ýörite maslahatdan soň habar berildi ― diýip, «MIR 24» ýazýar.

163751fc9e5999.jpeg
4 ýyl ozal
Dost-doganlygyň nyşany bolan halkara hyzmatdaşlyk başlangyçlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesini has hem belende galdyrmak, Türkmenistany sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, dost-doganlygyň, arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwürmek, mähriban halkymyzy bolelin we eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan işleri üstünliklere beslenýär.

16350b40c3219e.jpeg
2 ýyl ozal
Ilkinji Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ýük otlusy Duşanbeden ugrady

Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ugry boýunça ýük otlusynyň herekete başlamagy mynasybetli geçirilen çärä agzalan ýurtlaryň wekiliýetleri, ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri we işewürleri gatnaşdylar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.