Habarlar
Habarlar
DÖWREBAP AWTOBUS HYZMATY DURMUŞYŇ AÝRYLMAZ BÖLEGIDIR
Bagtyýarlyk gadamlary bilen öňe barýan Berkarar Watanymyz Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli işleriniň netijesinde ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, ylym-bilimde, ulaglar we kommunikasiýa pudagynda hem-de beýleki pudaklarda ýokary derejeli uly üstünlikler gazanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty Watanymyzyň rowaçlygyna hem-de halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilendir.
«Türkmen Logistika» türkmen ulag kompaniýalaryny «Gara deňiz—Hazar» Logistika forumyna çagyrýar
«Türkmen Logistika» assosiasiýasy resmi maglumat hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistanyň ulag kompaniýalaryny 2023-nji ýylda geçiriljek «Gara deňiz—Hazar» Logistika Forumy: geçelgeler, ýükler, infrastruktura» maslahatyna we sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Bu baradaky bildiriş assosiasiýanyň resmi web sahypasynda çap edildi.
AŞTU şu ýylyň alty aýynda «Call center» hyzmaty boýunça 1 million 186 müňe golaý jaňa hyzmat etdi
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ kärhanalar we guramalar tarapyndan «Call center» hyzmatynyň ulanylmagynyň ýarym ýyllyk netijelerini hödürledi.
Astanada Merkezi Aziýada iň iri tehnologik forum geçiriler
12-13-nji oktýabrda Astana şäherinde Merkezi Aziýada iň iri DigitalBridge 2023 atly tehnologik forum geçiriler. Çärä dünýä belli IT kompaniýalarynyň wekillerini, tutuş sebitden bilermenleri, maýadarlary we işewürleri emeli intellektiň häzirki döwürde eýeleýän ornuny ara alyp maslahatlaşmak üçin çagyryldy.
Özbegistan Türkmenistanyň we Gazagystanyň üsti bilen Hazar deňzine çykmak isleýär
Özbegistan Hazar deňzinde öz gämileriniň bolmagyny isleýär. Bu babatda ol Türkmenistan hem-de Gazagystan bilen ýük daşamak boýunça baglaşylan şertnamalara bil baglaýar diýip, «Report.az» habar berýär.
Tehnologiýalar merkezinde sanly ulgam arkaly enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň mümkinçilikleri boýunça ylmy okuw-maslahat geçirildi
10-njy awgustda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzda sanly ulgam arkaly enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň mümkinçilikleri» atly ylmy okuw-maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi
14-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi.
Gyrgyzystanda sebitiň iri logistika parky dörediler
2024-nji ýylda Merkezi Aziýanyň “A” derejeli iri logistika parky Gyrgyzystanda öz işine başlar. Bu barada bu boýunça taslamanyň konsultanty “NF Group” kompaniýasy özüniň web-saýtynda habar berýär.
Durnukly ösýän ykdysadyýet — halkymyzyň abadançylygynyň kepili
Ylmy çemeleşmä, hojalygy netijeli ýöretmäge we meýilnamalaşdyrmaga esaslanýan Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň strategiýasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Belgiýanyň ýük uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşyny amala aşyrdy
2023-nji ýylyň 8-nji awgustynda «Challenge Airlines» awiakompaniýasynyň «Boeing 747-400F» kysymly howa gämisi Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ilkinji gonuşy amala aşyrdy. Awiakompaniýa Ninbo (Hytaý) — Aşgabat we Aşgabat — Lýež (Belgiýa) ugurlarynda Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gonup ýük gatnawlaryny amala aşyrýar. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.