Habarlar
Habarlar
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Beýannamasy
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Onuň Alyjenaby Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň çagyrmagy boýunça 2022-nji ýylyň 21–22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary boldy.
«S7 Airlines» Russiýadan Türkmenistana goşmaça gatnawlary açar
2022-nji ýylyň dekabryndan «S7 Airlines» Moskwa — Türkmenbaşy we yzyna gaýdyş ugry boýunça Türkmenistana goşmaça uçuşlara başlar. Degişli bildiriş Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Telegram kanalynda ýerleşdirildi.
AŞTU-nyň «Şahsy otag» hyzmatyndan peýdalanmagyň aýratynlyklary
Internet, ýagny bütindünýä kompýuter torynyň örän uly gerime eýe bolmagy bilen bu ulgam arkaly adamyň gündeki we adaty hyzmatlardan peýdalanmagy has amatlaşdyrylan häsiýete eýe boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary başlandy
21-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.
Netijeli geçen Halkara maslahat we forum
Geçip barýan hepdäniň iň bir wajyp wakalarynyň biri 26-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahaty we sergisidir.
“Ýüpek ýoly-2023” rallisiniň geçiriljek senesi mälim edildi
2023-nji ýylda “Ýüpek ýoly” rallisiniň birinji tapgyry Kazan şäherinden başlap, Moskwada tamamlanýar. Bu barada taslamanyň ýolbaşçysy Wladimir Çagin habar berdi. Ol ralliniň geçjek ugry barada belläp geçdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi
19-njy noýarbda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Onda Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji maslahatynda kabul edilen Kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryş-hukuknamalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.
Türkmen wekiliýeti Sankt-Peterburgda geçiriljek TRANSTEC halkara sergisine gatnaşar
2022-nji ýylyň 29-njy noýabryndan 1-nji dekabry aralygynda Sankt-Peterburgda "Halkara ulag geçelgeleri ulgamynda logistika hereketiniň tehnologiýalary" atly XVII Halkara sergi-forumy TRANSTEC geçiriler.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki gurluşyklaryň barşy bilen tanyşdy
19-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ozal maslahatlaşylan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.
«Hakyda göwheri» - döwletimiziň beýik taryhyna syýahat
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň baplarynyň atlaryny okanyňda-da, bölümleri bilen tanyş bolanyňda-da, özüňe uly syýahatyň garaşýandygyna göz ýetirýärsiň. Kitabyň ilkinji sahypalaryndan akyldar Arkadagymyzyň pelsepe dürdäneleri bizi beýik taryhy döreden pederlerimiziň şöhratly ýollaryna atarýar: «Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.