Habarlar
Habarlar
1651a8c8821aa8.png
1 ýyl ozal
Watan gülleýändir bagtyýar ýaşlar bilen

Bagtyýar ýaşlar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, ata Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmaga çalyşýarlar. Güneşli Diýarymyzyň gülläp ösmegi, durmuşymyzyň has-da gözelleşmegi giň düşünjeli, çuňňur ylymly-bilimli, watansöýüji ýaşlara baglydyr.

1651a8cf350d07.jpeg
1 ýyl ozal
Bilim — bagtyýarlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze sepgitlerini nazarlaýan döwletimiz ynamly öňe barýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işler barha giň gerime eýe bolýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, bagtyýar ýaşlaryň ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär.

1651a8d882de7e.jpeg
1 ýyl ozal
Bedew batly ösüşlere buýsanç

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişler amala aşyryldy, durnukly ösüşiň binýady pugtalandyryldy. Älemi haýrana goýýan özgerişleriň, bedew batly ösüşleriň şöhratly eýýamynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda gazanylýan buýsandyryjy ösüşler ýurdumyzyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny zer setirleri bilen bezeýär.

1651aa59cda63b.jpeg
1 ýyl ozal
Garaşsyzlyk — edermen halkymyzyň milli buýsanjy

Garaşsyzlyk güni özygtyýarly döwletimiziň berkararlygyny, nesilleriň we döwürleriň synmaz ruhy baglanyşygyny, ata-babalarymyzyň Watanymyzyň Garaşsyzlygy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň jebisligi ugrunda köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwlarynyň hasyl bolandygyny alamatlandyrýan baş baýramymyzdyr.

1651b987f0748d.jpeg
1 ýyl ozal
HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ BELENT MERTEBESI

Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Hususanda, döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi bilen syýasy, ykdysady, ulag-logistika, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer, ylymbilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifkasiýalaşdyrylýar we hil taýdan täze derejä çykarylýar.

1651bc3f2dfeb0.jpeg
1 ýyl ozal
KÄMILLIGE YMTYLÝAN HÜNÄRMENLERIŇ BILIM ALÝAN ÝOKARY OKUW MEKDEBI

Gerekli bilimleri ele alan öz işine ussat hünärmenler öndürijilikli zähmet çekip, üstünlikleriň gazanylmagyna uly goşant goşýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ulag kommunikasiýa pudagynyň hünärmen taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

1651bc7d0bc1ab.jpeg
1 ýyl ozal
SANLY BILIM ÖZGERTMELERI – DÖWRÜŇ BEÝIK ÖSÜŞLERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim jemgyýetiň berk binýady, ösüşleriň esasy ugry hasaplanýar. Ýurdumyzda bilim ulgamy ösdürilip, onuň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.

1651bc914bbe01.jpeg
1 ýyl ozal
ASYLLY MAKSATLAR ROWAÇLANÝAR

Ýurdumyzy sanly bilim ulgamyna geçirmek boýunça ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda degişli guramaçylyk, tehniki we amaly işler yzygider amala aşyrylýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologiki täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

1651bec085125a.jpeg
1 ýyl ozal
TUTUMLARY ULY, ÝOLLARY AMAN, DÜNÝÄ NURUNY SAÇÝAR BAGTYÝAR ZAMAN

Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy berk binýatly, kuwwatly döwlete öwürmek, merdana halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan syýasaty Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem rowaçlyklara beslenýär. Her bir işde halkyň bähbidini ähli zatdan öňde goýýan hormatly Prezidentimiziň öňden görüjiligi bilen ýurduň ykdysady syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

1651bed558354d.jpeg
1 ýyl ozal
HÜNÄRLI ÝAŞLAR BUÝSANJYMYZ

Ýurdumyzyň ulag kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, onuň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak  maksatly inžener hünärmenleri taýýarlamak Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň esasy wezipesi bolup durýar. Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda bilim ulgamy sanly esasda ösdürilýär we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary netijeli ornaşdyrylýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.