Habarlar
Habarlar

PUDAGYŇ ELEKTRON ULGAMY KÄMILLEŞÝÄR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ilaty döwletiň hemmetaraplaýyn aladasy bilen gurşalandyr. Geljekde bu üns-alada bazar häsiýetini bermek döwrüň talabyna öwrüler.

Türkmen diplomatiýasynyň üstünligi
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň 6 resmi dilinde çap edildi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy.

Ýetilen sepgitler — täze maksatlara badalga!
Öz ornuny Täze, 2021-nji ýyla — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diylip yglan edilen ýyla beren 2020-nji ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly Watanymyzyň taryhyna şan-şöhrat getiren ösüşli ýyllaryň biri bolup girdi.

’’Altyn asyr’’ futbol kluby - türkmen sportunyň halkara abraýy
Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde sagdyn durmuş ýörelgäni ýaýbaňlandyrmak, bedenterbiýäni we sporty kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Sanly ulgam – ösüşiň häzirki zaman tapgyry
Ýurdumyzyň dünýä tejribesiniň özgerişi bilen aýakdaş ösýän häzirki döwründe milli Liderimiziň tagallalary bilen ykdysadyýetimizi sanly esasda kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilýär. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň durnukly esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda hukuk kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy.

Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Täze ýyl hyzmatlary
Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kompaniýasy Täze ýyl baýramy mynasybetli raýatlarymyza aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýär.

Halkara syýahatçylyk ulgamynyň ykdysady ösüşe ýetirýän täsiri barada onlaýn maslahaty geçirildi
Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ählumumy parahatçylygyň, dur-nuklylygyň we yzygiderli ösüşiň ilerledilmegine gönükdirilen işjeň hereketleri alyp barýar.

DEMIR ÝOLUŇ WEB SAÝTLARY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan wajyp ösüşler ýurdumyzyň her bir pudagynda öz beýanyny tapýar. Muny ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň mysalynda hem görmek bolýar.

«Aşgabat şäher telefon ulgamynyň» sanly hyzmatlary
Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda hereket edýän pudaklaýyn edara-kärhanalary sanly ulgama geçirmek boýunça özgertmeler durmuşymyza giň gerimler bilen ornaşdyrylýar.

Milli raýat awiasiýamyz "Boeing" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ulaglar parkynyň esasy düzümini meşhur “Boeing” kompaniýasynyň dürli kysymly kämil uçarlary düzýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.