Habarlar
Habarlar
Berkararlygyň we bagtyýarlygyň senasy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň, özgerişleriň, agzybirligiň, asudalygyň, toýdur baýramlaryň mekanyna öwrülen Türkmenistan döwletimiz özüniň barha belende galýan halkara abraýy bilen bütin dünýäde tanalýar. Türkmenistan beýleki döwletler bilen dostluk, birek-birege hormat goýmak, ýardam bermek esasynda özara gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar.
Ykdysady ösüşlere tarap
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn işler oňyn netijelerini berýär. Şeýle başlangyçlaryň hatarynda durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň döredilmegi ösüşiň täze tapgyryny üpjün edýär.
Parahatçylygyň we ösüşiň özeni
Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Şeýle wakalaryň biri hem gün-günden ösýän, özgerýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan türkmen bitaraplygy döwletleri we halklary doganlaşdyrýan gudratdyr!» diýip belleýär.
HEMIŞELIK BITARAPLYK — MILLI ÝÖRELGÄMIZ
Berkarar döwletimiz hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanan bitaraplyk syýasatyny alyp barýar. Eziz Diýarymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlara üstünlikli hötde gelmek bilen, parahatçylyk, howpsuzlyk, durnuklylyk işine, ygtybarly durmuş-ykdysady ösüşe öz goşandyny goşýar, sebit we sebitara guramalar bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrýar.
SANLY BILIM – KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Berkarar döwletimiziň milli ýörelgeleri
Asuda ýurduň asmanynda ak kepderileriň ganat ýaýyp ýörenine, reýhan bolup açylan güllere nazaryň düşende, erkana bökjekleşýän çagalaryň şadyýan seslerini, ajaýyp aýdymyň owazyny eşideniňde özüňi parahat durmuşyň gujagynda duýýarsyň. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän parasatly başlangyçlarynyň dünýä ýüzünde goldaw tapýandygyny göz öňüne getireniňde, watançylyk duýgusyndan, buýsançdan ýaňa bütin dünýäň şatlyga dolýar.
HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞLI ÝOLLARY
Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha berkeýär. Munuň netijesinde, goňşy döwletler bilen medeni we söwda-ykdysady gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Muňa ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasat ugry hem ýardam berýär, ol parahatçylyk dörediji ugra, sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ähli döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilendir.
Hoşmeýilli hyzmatdaşlygyň täze çelgileri
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigine
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi
Ýakynda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça iş toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisi geçirildi.
BEREKETLI GALLA HASYLY ÝYGNAMAKDA AWOULAGLAR HYZMATYNYŇ ORNY
Türkmen gallaçylary Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän ýylynda uly zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen gazanylýan şeýle ösüşlere “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň agzybir işgärleri hem mynasyp gatnaşýarlar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.