Habarlar
Habarlar
Ekologiýa — ýaşaýşyň özeni
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýurdumyzyň ösüş ýoluny şan-şöhrata beslemek biziň el-ele berip, birek-birege düşünip, ähli gujur-gaýratymyzy bir ýere jemläp, halal zähmet çekip gazanjak ýeňişlerimize baglydyr» diýýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berilýär.
Oba hojalygy — ykdysadyýetiň möhüm ugry
Hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, düşewüntliligi artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirlendir. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurlup ulanylmaga berilýär, oba hojalyk pudagy toplumlaýyn sanlylaşdyrylýar.
Tebigata söýgi — Watana söýgi
Eziz Diýarymyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns berilýär. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ekologiýa bilen bagly meseleleri çözmegiň adamzat jemgyýetiniň mundan beýläk-de durnukly ösüşi bilen baglydygy giňden wagyz edilýär, geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.
GALLALY MEÝDAN – TYLLALY MEÝDAN
Ene ýeriň hakyky eýeleri bolan gallaçy daýhanlaryň arly ýyllap çeken yhlasly zähmetleri ýerine düşendiginiň alamaty hökmünde şu günler ak bugdaýly pellerde nurlanýan bol galla hasyly buýsanjyňy goşalandyrýar. Babadaýhanlarymyza berilýän ýeňilliklerden giňden peýdalanyp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek işine oba hojalyk işgärleri saldamly goşant goşýar. Galla oragyna ak pata bermegi bolsa Watanymyzyň ak ekinli meýdanlarynda hyjuwly zähmetiň joşmagyny alamatlandyrýar.
OBA HOJALYGY: DÖWREBAP ÖZGERTMELER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrebap ösdürmek ugrunda uly özgertmeler amala aşyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem oba hojalygyny özgertmegiň toplumlaýyn maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ene mertebesiniň waspy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe enelere hormat goýmakda, gelin-gyzlarymyzy mertebelemekde döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işler ýurtda zenanlarymyzyň derejesini belende göterdi. Mähriban enelerimiziň ýaza meňzeş ýüregi, nirede bolsak hem biziň bilendir. Dünýäde iň mukaddes, iň näzik zatlary bahara, bahary bolsa enelere deňeýärler.
BAŞ MAKSAT — KÄMIL HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK
Ähli ösüşleriň özeninde bilimiň durandygy mälimdir. Şonuň üçin-de bu ulgama aýratyn üns gönükdirilýär. Ýurdumyzda bilimiň binýady berkden tutulyp, onuň kanunçylyk-hukuk derejesi berkidilýär. Şonuň ýaly-da halkara bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, dünýäniň öňde baryjy döwletleriniň bu ugurda gazanan oňyn tejribesini öwrenmäge we milli nusgalara laýyk getirip ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.
AŞGABADYM – GÖWÜN ŞADYM
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni uly ruhubelentlige, toýdur-baýramlara beslenýär. Ine, şeýle toýlarymyzyň biri hem 25-nji maýda baýramçylyk dabarasyna öwrüljek ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň günüdir. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherimiz bu günki günde dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Göreniňde gözüň eglenip, synlanyňda synyň oturýan Aşgabat şäheri bu günki gün hakykatdan hem Gündogaryň iň owadan merjen şäherine öwrülýär.
Gelse Nowruz ilime...
Nowruz baýramy öz köklerini taryhyň gadym döwürlerinden alyp gaýdýar. Bu baýramçylyk barada nusgawy şahyrlarymyz hem öz döredijiliginde uly joşgun bilen, guwanç bilen agzap geçýärler. Ylaýta-da Nowruz barada, onuň asmany-zemini jana getirişi hakynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy şeýle çeper we jaýdar belläp geçýär:
Gelse Nowruz äleme...
Asyrlar boýy ulydan baýram edilip gelinýän Nowruz baýramynyň türkmen halky üçin ähmiýeti örän ulydyr. Nowruz täzelenişiň, päkizeligiň, Zemin asudalygynyň nyşanyny aňladýan özboluşly baýramçylykdyr. Bu baýramyň taryhy kökleriniň müňýyllyklara uzaýşy ýaly, onda ýerine ýetirilýän däp-dessurlar hem gadymylygy bilen tapawutlanyp many-mazmuna baýdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.