Habarlar
Habarlar
Dostluk ýollary dünýä uzaýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz öz ösüşiniň täze basgançagyna gadam basdy. Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde ylymda, bilimde, sportda şonuň ýaly-da daşary syýasatda beýik işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyz dünýäniň halklary bilen dostluk, doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly kitabynda:
Raýat awiasiýa ulgamy hünärmenleri üçin täze ýaşaýyş jaýlaryby ulanmaga berdi
Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Dolandyryş merkezindäki täze ýaşaýyş jaý toplumynda 17 sany köp gatly jaýyň hem-de 70 sany kottejiň gurluşygy tamamlanyp, ulanylmaga berlipdi. Jeyhun.news-yň habar bermegine görä, 17 sany köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 2-si Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň hünärmenleri üçin niýetlenendir.
“Türkmentelekom” Wi-Fi ulgamynyň çägini giňeldýär
Täzelikde gurlup ulanylmaga berlen “Aşgabat” söwda-alyş merkezinde ýokary tizlikli interneti üpjün etmek maksady bilen, “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan çäksiz Wi-Fi ulgamy ornaşdyryldy. Täze ýer eýýäm kompaniýanyň web sahypasyndaky interaktiw karta hem goşuldy.
Öňde baryjy topar
Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň pagta ýygymy möwsümi Köneürgenç etrabynyň ähli daýhan birleşiklerinde barha gyzyşýar. Esasanda bu iş “Bereket” daýhan birleşiginiň Tolbaý Babajanow ýolbaşçylyk edýän 6-njy kärendeçiler toparynyň ak altynly pellerinde has-da öwgä mynasyp derejede dowam edýär.
Halkara deňiz porty we sanly ykdysadyýetiň hünär taýýarlamakda giň mümkinçilikleri
Sanly ykdysadyýete çeçiş – jemgyýetde giň gerimli we köp ugurly özgerişleri öz içine alýan düýpli öwrülişikdir. Sanlaýyn ulgamy ylym we bilim pudaklarynda giňden ornaşdyrmak ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçişiň möhüm ugrudyr.
ARZUWLAR AMALA AŞANDA
Haýrullanyň kakasy Gaýbulla aga ömrüniň 42 ýylyny demir ýolda işläp geçirdi. Onuň işden boş wagtlary halk hojalyk ýükli otlularyň gatnawy, demir ýoluň abatlanylyşy baradaky berýän gürrüňleri heniz orta mekdepde okap ýören oglunda gyzyklanma döredýärdi. Ol öz ýanyndan kakasy ýaly demir ýolda işlemegi arzuw edýärdi. Şol arzuwlary hem Haýrulla Nurullaýewi 1980-nji ýylda Özbegistanyň Daşkent şäherindäki ulag we inženerçilik institutynyň gapysyndan getirdi.
Pavtagtymyzda täze awtobus gatnawy ýola goýuldy
2021-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan 114-nji “Teke bazar – Türkmen döwlet medeniýet instituty” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy siziň dykgatyňyza ýetirýär.
Berkarar döwletimiziň awtoulaglar ulgamy kämilleşýär
Ýurdumyz ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly köp sanly işleri amala aşyrýar. Munda awtomobil ulaglary pudagynyň işini kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýänligini hem bellemek gerek. Awtoulag mümkinçilikleriniň açylmagy üçin yzygiderli geçirilýän netijeli hyzmatdaşlyklar möhüm orna eýedir.
Döwletara hyzmatdaşlygyň binýady türkmen-özbek gatnaşyklary
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Watanymyz goňşy döwletleriň birnäçesi bilen köptaraply, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürýär.
Tehnologik täzelikleriň okuw merkezi
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanyndaky «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti sanly ykdysadyýeti önümçilige ornaşdyrmakda ýaşlaryň bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen okuw merkezi bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.