Habarlar
Habarlar
165093a36c5ec5.jpeg
2 ýyl ozal
ELEKTRON KITAPHANA WE SANLY TEHNOLOGIÝA

Ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi gündelik durmuşymyza gönüden-göni täsir edýär. Ösen tehnologiýa adamyň zähmetini ýeňilleşdirýär, wagtyny tygşytlaýar. Innowasion dünýäniň iň kämil gurluşy bolan internet özünde juda giň mümkinçilikleri jemleýär. Onuň hyzmatyndan dogry peýdalanmak adamlaryň gündelik durmuşyny ýeňilleşdirmäge we wagtyny tygşytly ulanmaga ýardam edýär. Kitap okamagy gowy görýän adamlar üçin bolsa internet deňi-taýy bolmadyk mümkinçilik hasaplanylýar.

16509597ee9954.jpeg
2 ýyl ozal
BIZ BAGTYÝAR ZAMANANYŇ YLYMDAN SERPAÝLY, BAGTDAN PAÝLY ÝAŞLARY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň geljegi bolan ýaşlara kämil bilim, edep-terbiýe berilmegine uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzyň ýagty ertiri, geljekki daýanjy bolan ýaş nesilleriň kämil bilimli, ösen hem giň dünýägaraýyşly şahsyýetler, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri babatda beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

16509771f016f3.jpeg
2 ýyl ozal
SANLYLAŞDYRMAK ÜSTÜNLIKLI DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

Häzirki wagtda sanly ulgama geçmekde bilim ulgamyna uly orun degişlidir. Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe çykarylýar.

1650a71ff7afbb.jpeg
2 ýyl ozal
BILIM OJAGYMYZDA DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLER

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny sanlylaşdyrmak babatda düýpli işler alnyp barylýar. Sanly ulgama üstünlikli geçmek üçin ýurtda ygtybarly hukuk we maddy-enjamlaýyn binýat we zerur şertler döredildi. Döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak hem-de umumy sanly gurşawy döretmek boýunça işler has-da çaltlandyryldy.

1650a94f5cbcef.jpeg
2 ýyl ozal
Sanly ykdysadyýetiň esasy aýratynlyklary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär, täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň belent derejelere eýedigini, ösüşlerimiziň dowamat dowam bolýandygyny aýdyň beýan edýär. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda belent üstünlikler gazanylýar.

1650c22c72bc26.jpeg
1 ýyl ozal
Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze-täze ösüşleriň, öňegidişlikleriň belent basgançaklaryna galýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden goýan öňdengörüji, ynsanperwer syýasatyny döwrebap ösdürmegiň netijesinde, Arkadagly Serdarymyz eziz Diýarymyzy dünýäniň iň bir ösen döwletleriniň birine öwürdi.

1650aac314734a.jpeg
2 ýyl ozal
Ýaşlar bilen öňe barýar Diýarym

Ýaş nesiller ýurduň hereketlendiriji güýjüdir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty nesillerimiziň geljekde ruhy-medeni hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna itergi berer. Ösen jemgyýetimiziň işjeň güýjüne öwrülen türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli we medeniýetli bolup ösüp ýetişmekleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny alyp barýar.

1650be016aa002.jpeg
2 ýyl ozal
ŞYGYR ÄLEMINIŇ SÖZ USSADY

Halkymyzyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragy özüniň baý mazmunly hem-de köptaraply döredijilik mirasy bilen tutuş ömrüni halkyna bagyşlan beýik şahsyýetdir. Ol şahyrana şygyrlary bilen Gündogaryň jemgyýetçilik-syýasy we edebi-ruhy pikirlenmelerine güýçli täsir eden dünýä edebiýatynyň görnükli söz ussadydyr. Türkmen halkynyň kalbynda we aňynda baky ýaşaýan beýik şahyryň dana goşgulary bu günki gün dünýä ynsanlarynyň dilinde barha belentden ýaňlanyp, gadyry günsaýyn artýar.

1650d282120a11.jpeg
2 ýyl ozal
SANLY YKDYSADYÝET — AÝDYŇ GELJEK

Döwletiň ösüş-özgerişiniň özenini ýurduň ykdysadyýeti düzýär. Ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylyp, sanlylaşdyrylyp, täzeçil usul bilen ýöredilmegi bolsa, ähli işleriň sazlaşygyna oňyn täsir edýär. Sanly özgertmeleriň dünýäde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ykdysadyýeti kemala getirmek gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar.

1694002caddce3.jpeg
4 aý ozal
SANLY BILIM — DÖWREBAP ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen sanly bilim ulgamyndaky ösüşleriň tizlik bilen giň gerime eýe bolmagy ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine çykarmaga güýçli itergi berýär. Şoňa laýyklykda ähli bilim edaralarynda okatmagyň innowasion usulyndan giňden peýdalanylýar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagyna, ylmy-barlag işlerini geçirmegine, täze tehnologiýalardan gowy baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.