Habarlar
Habarlar
169268afa9e034.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistan we Gazagystan birnäçe ylalaşyklara gol çekdiler

Astandada sişenbe güni giňişleýin düzümde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewyň arasynda geçirilen  duşuşygyň çäginde, Türkmenistanyň we Gazagystanyň resmi wekiliýetleri hökümetara we pudagara ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekdiler. Bu barada Gazagystan Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

16926823a2639f.jpeg
11 aý ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

25-nji noýabrda Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Gazagystana döwlet sapary bilen bardy.

169254da541356.jpeg
11 aý ozal
“Türkmenistan” awiakompaniýasy TIACA-nyň işjeň agzasy boldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

11 aý ozal
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.

11 aý ozal
«BITARAPLYK, DOGANLYK — SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ!»

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Seradrymyz «Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr» diýip belleýär.

169254526c9c35.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistanda 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti tassyklandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini tassyklamak hakynda kanuna gol çekdi. Döwlet býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 131 845,1 mln. manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 36 500,0 mln. manat möçberinde tassyklanyldy. Bu barada “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda habar berilýär.

1692539f9c42f7.jpeg
11 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary

24-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

16926875026bf9.jpeg
11 aý ozal
«Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

16925389843baf.jpeg
11 aý ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy

24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

169254ca6c81bf.jpeg
11 aý ozal
Aşgabatda sürüjileriň arasynda hünär ussatlygy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ýakynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda awtoulag sürüjileriniň arasynda yglan edilen "Döwrüm bagtyýar, ýolum ygtybar" atly hünär bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.