“ÝÜWRÜK ATYŇ BAHASY BOLMAZ”
02-04-26
Biziň ýurdumyzda arzuwlar hasyl bolýar, päkize niýetler myrat tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyz dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Garaşsyzlyga eýe bolunmagy bilen, milli gymmatlyklarymyzyň sarpasy belende göterildi. Bedew Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşleriniň aýdyň nyşanlarynyň birine öwrüldi. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy. Şol sebäpli-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda berkarar döwletimiziň, bagtyýar halkymyzyň durmuşynyň şöhratly ýeňişlerden, buýsançly taryhy wakalardan doly boljakdygyna ynamymyz uludyr.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has-da belende göterilýär. Halkymyzyň arassa ganly behişdi bedewleri ajaýyp döwrümiziň gözelligine görk goşýan maddy hem ruhy baýlyk hasaplanýar. Ahalteke atlaryna “asman atlary”, “behişdi bedewler” diýlip mynasyp baha berilýär. Ahalteke bedewiniň buýsançly şekili Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde orun aldy. Halkymyz bedew atyň döwlet getirýändigine ynanyp gelipdir. At hakda halkymyzyň öňden gelýän garaýşy bar. Halkymyz şol garaýşy özüniň nakyllarynda, atalar sözlerinde giňden beýan edipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly ajaýyp kitaby bedewler hakyndaky gymmatly hazynadyr. Türkmen halkyny älem içre tanadýan milli şaý-sepleri, halylary, dutary bilen bir hatarda gymmatly saýylýan behişdi bedewleri hemişe söýgä, belent sarpa mynasyp. Türkmen ahalteke atynyň şöhraty Oguz han döwründen gözbaş alýar. Türkmeniň nusgalyk edebiýatynda, gadymy golýazmalarda olaryň şan-şöhraty, şygryýetde we kyssa eserlerinde sazlaşykly beýan edilip gelinýär. Türkmen bedew aty hakynda ata-babalarymyz “Atym bar - ganatym bar”, “Ýüwrük atyň bahasy bolmaz”, “Atyň ady uly, düýäň dabany”, “Agaç ekeni biler, at bakany”, “At ýigidiň ganatydyr” ýaly birnäçe nakyllary döredipdirler. Bu hem türkmeniň atyny janyndan hem eziz görendiginiň alamatydyr.
Altyn-kümüş şaýlar bilen bezelen bedewler toý-baýramyň hem gelşigi bolupdyr. Gadymy grek taryhçysy Ksenofont şeýle diýýär: “Ýüwrüklikde dünýäde hiç bir zat olar bilen bäsleşip bilmez, kepderiler we durnalar olaryň yzlaryna zordan eýerýär”. Türkmeniň seýisçilik sungatynyň hiç bir halkyňka meňzemeýän özboluşly ýolunyň, aýratynlygynyň bolmagynda bu hünäre ömrüni bagyş eden ata-babalarymyzyň ummasyz zähmeti bar. Bu hünäre ugrugan her bir türkmen öz ömrüniň dowamynda bu ugurdaky iş tejribesini kämilleşdirip, öz gezeginde indiki nesle miras goýupdyr. Şeýdip, türkmeniň seýisçilik hünäri wagtyň geçmegi bilen kämilleşip uly bir mekdebe öwrülipdir. Hut şonuň üçin-de, ahalteke atlarynyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda sap ganly tohum bolup, saklanyp gelmeginde elbetde, ol bedewleri ösdürip ýetişdirýän seýsiň we seýisçilik diýen hünäriň aýratyn möhüm ähmiýetiniň bolandygy aýdyňdyr. Sebäbi seýisler at seýislemek we at çapdyrmak işlerinden daşary, tohum atlary köpeltmek we ösdürip ýe-tişdirmek ýaly işler bilen meşgullanypdyrlar.
Türkmenler tohum atlary ösdürip ýetişdirmegi ata-baba kesp-kär edinip gelen halk bolupdyr. Şeýlelikde hem, seçgi-tohumçylyk işini aňrybaş kämillige ýetiripdir. Muňa türkmen atçylygynda ulanylýan adalgalarynyň bolmagy hem, şol adamlaryň atlaryň nesil arassalygyna diýseň talapkärliginden bolupdyr. Türkmenleriň her biri islendik atyň nesil şejeresini birnäçe arka çenli barmak büküp sanap bilipdir. Bu bolsa ahalteke atlaryň müňlerçe ýyllaryň dowamynda arassa ganly bolup gelmegine getiripdir. Halkymyzda bedew döwletliligiň, arzuwlaryň wysala gowuşmagynyň, maksada okgunlylygyň nyşany hasaplanylýar. Şöhraty dünýä dolan, ýelden ýyndam bedewleri çarpaýa galyp, ösüşlerden ösüşlere ümzük atýan gadymy türkmen topragy bu günki gün toýlaryň toýlara ulaşýan mekanydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýram ediljek ýyly bedewlerimiz ýaly ýeňişli, ýaraşykly, gelşikli, owadan ýyllaryň biri bolsun!
Gülnara NIÝAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.