DÖWÜR BILEN AÝAKDAŞ

13-04-26

Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pelsepewi düşünjelere, paýhasly öwüt-ündewlere baý bolan “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynda belleýşi ýaly, mähriban Watanymyza söýgi akyldarlaryň pähimdarlyk mülküniň göwheridir. Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty bilen başy başlanan we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen üstünlikli dowam etdirilýän hukuk özgertmeleriniň, milli kanunçylygymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmek bilen baglanyşykly işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Döwletimizde hereket edýän möhüm hukuk namalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň kämilleşdirilip, täze beýanda kabul edilmegi ösüşlere beslenýän döwrümizde milli kanunçylygyň döwür bilen aýakdaş gitmegi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Raýat kanunçylygy raýat dolanyşygyna gatnaşyjylaryň hukuk ýagdaýyny, eýeçilik hukugynyň ýüze çykmagynyň esaslaryny we ony amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär, şertnamalaýyn we gaýry borçnamalary, şonuň ýaly-da beýleki emläk gatnaşyklary we olar bilen baglanyşykly emläkleýin däl şahsy gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Maşgala, ýaşaýyş jaý, zähmet gatnaşyklary, tebigy baýlyklary peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça gatnaşyklar, eger  ýörite kanunçylyk bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa,  adamyň aýrybaşgalanmaz hukuklary we azatlyklary hem-de beýleki maddy däl eşretlerini amala aşyrmak we goramak bilen baglanyşykly gatnaşyklar bu gatnaşyklaryň düýp manysyndan başgaça gelip çykmaýan bolsa,  döwlet edaralarynyň we guramalarynyň fiziki we ýuridik şahslar bilen raýat hukuk gatnaşyklary, eger şol gatnaşyklar gaýry kanunçylyk bilen düzgünleşdirilmeli däl bolsa, raýat kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

Raýat kanunçylygy özüniň düzgünleşdirýän gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň deňligini, eýeçiligiň eldegrilmesizligini, şertnamanyň erkinligini, kimdir biriniň hususy işlere eden-etdilikli gatyşmagyna ýol berilmesizdigini, raýat hukuklarynyň päsgelçiliksiz amala aşyrylmagyny, bozulan hukuklaryň dikeldilmeginiň üpjün edilmegini, olaryň kazyýetiň üsti bilen goralmagyny ykrar etmek ýörelgelerine esaslanýar. Bu kadalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda diňe bir raýatlaryň däl, eýsem, ähli adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň halkara hukuk kadalaryna laýyklykda goraglylygynyň ýene-de bir kanuny kepillikleriniň biri bolup durýar.

Jemgyýetçilik ynamy, raýat işjeňligi, raýdaşlyk hereketlerine ukyplylyk, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamak - bu diňe raýat jemgyýetini jebisleşdirmegiň aýgytlaýjy şertleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hakyky halk häkimiýetiniň emele gelmeginiň zerur şertleri bolup durýar. Raýat institutlary demokratik gymmatlyklary, adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň möhüm şerti bolmak bilen, raýatlaryň öz mümkinçiliklerini amala aşyryp bilmegi, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady işjeňligini hem-de hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak üçin şertleri döredýär, jemgyýetde bähbitleriň deňagramlylygyny saklamaga ýardam berýär.

Raýat jemgyýeti döwletiň durnukly ösüşiniň, adalatlylygynyň we aç-açanlygynyň möhüm sütünidir. Ol jemgyýet bilen döwletiň arasyndaky gatnaşygyň demokratik esaslarda guralmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda alnyp barylýan özgertmelere jemgyýetiň her bir agzasynyň işjeň gatnaşmagy, jemgyýetçilik guramalarynyň ösdürilmegi we olaryň hukuk taýdan goldanylmagy raýat jemgyýetiniň kämilleşmegine alyp barýar. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň kabul edilmegi, jemgyýetimizde ýüze çykýan raýat-hukuk gatnaşyklarynyň doly kadalaşdyrylmagynda, bu ugurda işleriň kanunalaýyk ýola goýulmagynda, kanunçylygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi ugrunda il-ýurt bähbitli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Maksat BAÝRAMOW,
Arkadag şäheriniň prokurorynyň Hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.