Demir ýol ulaglary pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegi hökmünde
27-04-26
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň pähim-paýhasy bilen, ylmy esasda, hem-de umumyadamzat ähmiýetli köpugurly ulag düzümi barha kämilleşdirilýär. Gadymy beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmeginde, halkara derejesinde, geljege nazarlaýan, belent ynsanperwerlige ýugrulan işler amala aşyrylýar.
Sebit we yklymlara söwda-ykdysady, medeni-gumanitar gatnaşyklaryň hem-de syýahatçylygyň ösdürilmegini nazara alyp, Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatlyklaryny diňe häzirki zaman derejesine däl-de, eýsem geljegi kanagatlandyrýan derejede kämilleşdirilmegiň zerurlygy döwrüň talaby bolup durýar. Şu ýerde dünýä ylmynda “Ulag we ekologiýa” ulgamynda ulaglaryň daşky gurşawa bolan zyýanly täsirini azaltmak boýunça ýetilen sepgitler hem-de geljekde bu babatda adamzadyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada maglumatlary seljermekligiň möhümdigini bellemek gerek. Köpugurly ulag ulgamynda demir ýol ulaglary ulanyş we ekologik häsiýetleri boýunça iň ygtybarly ulag hökmünde öz ornuny barha berkidýär. “Türkmenistany 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda” Bitarap Türkmenistanyň transmilli, utgaşykly ulag düzüminde demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri hem-de pudakda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Häzirki döwürde we geljekde ulaglara bildirilýän talaplara aşakdakylary degişli hasap etmek bolar:
- Içerki we halkara ähmiýetli ýük we ýolagçy gatnawlarynyň ygtybarlylygy;
- Hereket edýän düzümleriniň massalaryny we hereket tizliklerini artdyrmagyň mümkinçilikleri;
- Berlen ulagyň ulaglaryň beýleki görnüşleri bilen ulanylyş sazlaşygy;
- Tehniki we tehnologiki ösüş innowasiýalaryny ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri;
- Ekologiki we ergonomiki talaplara laýyklyk derejesi we ş.m.
Mälim bolşy ýaly, kadaly ýaşaýyş we durmuş şertlerini, ýagny ekologiýa abadançylygy üpjün etmek üçin wajyp, adamzadyň öňünde gaýragoýulmasyz çözgüdine garaşýan meseleler durýar. Şu meseleleriň hatarynda energiýanyň öndüriliş usullarynyň özgerdilmegini, ulag serişdeleriniň oňaýlylaryň ulanylyşynyň artdyrylmagyny hem-de logistikanyň we sanly ulgamyň kämilleşdirilmegini görkezmek bolar. Şeýle hem multimodal ulag düzüminde ulaglaryň degişli ornyny kesgitlemekligi toplumlaýyn çemeleşme esasynda, ýagny funksional-gymmatlyk seljermesi esasynda alnyp barylmagynyň zerurdygyny dünýä ylmy ykrar edýär.
Köpugurly ulag ulgamynda ulaglaryň tehniki-ulanyş we ekologiki häsiýetleri boýunça demir ýol ulaglarynyň geljegi uludyr. Siwilizasiýanyň ösüş esaslarynyň biri hökmünde demir ýol ulaglarynyň dünýä jemgyýetiniň ykdysady we ekologiki bähbitleriniň ylmy taýdan esaslandyrylýan sazlaşygyny üpjün etmekde ygtybarlylygy ýokarydyr. Demir ýol ulaglary üçin zerur bolan iş meýdany, olaryň sarp edýän energiýasy, daşky gurşawy hapalama derejesi we çykarýan sesi azdyr. Beýleki ulaglar bilen deňeşdirilende iş ygtybarlylygy ýokarydyr. Iki ýolly demir ýollaryň tutýan giňligi 13.7 metr bolanda, alty zolakly awtoulag ýolunyň giňligi 37.7 metre deňdir. Demir ýol ulaglary energiýany suw ulaglaryna seredeňde 2...3 esse, howa ulaglary bilen deňeşdirilende 4...5 esse az sarp edýär.
Ýokarda bellenip geçişi ýaly, dürli howa şertlerinde demir ýol boýunça hereket, beýleki ulaglara görä iň bir ygtybarlylygy hem-de amatlylygy bilen tapawutlanýar. Demir ýol ulagy boýunça ýolagçy gatnawynyň we ýükleriň daşalyşynyň deň amatly şertlerde üç essä çenli arzan düşýändigi bellidir.
Şeýlelikde, demir ýollary döwrebaplaşdyrmak, demir ýol ulag düzüminiň massasyny hem-de ortaça hereket tizliklerini artdyrmaga mümkinçilik berýän demir ýollaryny elektrikleşdirmek, elektrik hereketlendirijileri bolan lokomotiwleri ulag düzüminde ulanmak, demir ýol pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak häzirki döwürde we geljekde ykdysady ösüşleriň hem-de ekologiki abadançylygyň esasydyr.
Ýurdumyzda demir ýol pudagyny ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Jumagylyç MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Demir ýol ulagynyň hereket edýän düzümi” kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Umbar AMANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Demir ýol ulagynyň hereket edýän düzümi” kafedrasynyň mugallymy,
Ulag-logistika — sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry
Häzirki döwürde ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda halkara jemgyýetçiligiň umumy tagallalaryna işjeň goşulyşýar.
Aşgabatda Zenanlar birleşigi bilen Aragatnaşyk ministrligi zenanyň maşgalada we jemgyýetde eýeleýän orny barada söhbetdeşlik geçirdi
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we onuň garamagyndaky kärhanalaryň işgärleri zenanyň maşgalada we jemgyýetde eýeleýän orny barada söhbet etmek maksady bilen, ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň wekilleri bilen duşuşdylar. «Ornuňyz tördedir, sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly wagyz-nesihat duşuşygy 26-njy oktýabrda ministrligiň mejlisler zalynda geçirildi.
Şu ýylyň 9 aýynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $117,5 milliona ýetdi
2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 117 million 561,9 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Gruziýanyň Milli statistika gullugy habar berýär.
Hazarýaka döwletleri Aşgabatda ylmy hyzmatdaşlygy maslahatlaşýarlar
Aşgabatda 27-nji oktýabrda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Hazar deňzi institutynda geçirilýän bu duşuşykda taraplar deňiz ylmy barlaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşýarlar. Mejlis öz işini 28-nji oktýabrda tamamlar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň medeniýet ministri Bakuda geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň medeniýet ministri G.Myradaliýewiň baştutanlygyndaky wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy. Wekiliýetiň ýolbaşçysy milli gymmatlyklary gorap saklamak, medeni mirasy geljekki nesillere ýetirmek hem-de medeniýetara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlap çykyş etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.