Ulag-logistika — sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry

30-10-26

Häzirki döwürde ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda halkara jemgyýetçiligiň umumy tagallalaryna işjeň goşulyşýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döw­let Baştutan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­lis­iniň, Hazar ekologiýa sammitiniň geçirilmegi, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň 15-nji oktýabrda Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine, 16-njy oktýabrda bolsa Ermenistan Respublikasynda geçirilen BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşyp, ýurdumyzyň sebitde köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly ileri tutýan ugurlaryny beýan etmegi hem aýdyň tassyklaýar.

Türkmenistan halkara giňişlikde öz pikirlerini açyk beýan edip, oňyn başlangyçlary, hemmeler üçin bähbitli bolan teklipleri bilen çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň soňky geçen forumlarda eden çykyşlarynda sebitleýin hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet bermegi goňşy döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerini açmakdan ugur alýar. Şunda se­bit­iň ulag-lo­gis­ti­ka ugruny ös­dür­mek ykdysadyýetiň umumylykda beýleki ugurlarynyň hem netijeliligini ilerletmäge ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşynda bu barada: «Ulag ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga, Ar­ka­la­şy­gyň döw­let­le­ri­niň logistika we infrastruktu­ra müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly de­re­je­de aç­mak üçin şert­le­ri döret­mäge aý­ra­tyn üns ber­ýä­ris. Şu­nuň bi­len baglylykda, Türkmenis­ta­nyň 2029-njy ýy­ly «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň ýy­ly» di­ýip yglan et­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­na ün­sü­ňi­zi çek­mek is­le­ýä­rin» diýip belledi. Şundan görnüşi ýaly, häzirki döwürde ulag-logistika ulgamynyň ösüşi Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu gün Merkezi Aziýada, galyberse-de, halkara giňişlikde sebitiň ulag üstaşyr kuwwatyny täze ugurlar boýunça açmaga gyzyklanma bildirip çykyş edýär. Bu ugur hyzmatdaşlygy depginli ösdürmekde hemmetaraplaýyn oňaýlydyr. Şonuň üçinem, biz ulag ulgamyn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga, logisti­ka we inf­rast­ruk­tu­ra müm­kin­çi­lik­le­ri­ni doly dere­je­de aç­maga: ulag we üs­ta­şyr geçelge­le­ri döretmäge, ola­ryň dur­nuk­ly­ly­gy­ny ýokarlandyrmaga hem-de äh­li ýurt­lar, şol san­da GDA-nyň deňze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk döw­let­le­ri üçin elýeter­li­li­gi­ üp­jün et­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mäge aýratyn ähmiýet berýäris. Şular bilen bir hatarda, dur­nuk­ly ulag ulgamyn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ pugtalandyrmak­da Türk­me­nis­ta­nyň 2026 — 2035-nji ýyl­lar üçin Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Dur­nuk­ly ulag bo­ýun­ça onýylly­gy baradaky başlan­gy­jy aýratyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ol sebitiň ýurtlarynyň ulag infrastrukturasynyň geljekki ýyllarda gyradeňlikde özgermegini hem şertlendirýär.

Hazar deňziniň üsti bilen ýük we adam gatnawlaryny guramak hem serhetdeş döwletleriň ulag arabaglanyşygynyň möhüm tarapydyr. De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta, Gündogar — Gün­ba­tar ulag ge­çel­ge­le­ri­niň mümkinçiliklerini açmak bu ugurdaky öňde durýan wezipeleri maksadalaýyk durmuşa  geçirmekde uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda agzalan geçelgeleri işjeňleşdirmek döwletleriň yzygiderli geçirýän dürli mowzukdaky forumlarynyň özboluşly hem zerurlyk taýdan derwaýys mowzugy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz hemmelere bähbitli bolan başlangyçlary öňe sürmek bilen döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär.

Türkmenistan döwletimiziň sebitde we halkara derejede alyp barýan şeýle döwletli özgertmelerinden ruhlanyp, halk bähbitli, adamzat ähmiýetli tagallalaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Ýaran AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

16ae497a4814b9.jpeg
Ulag-logistika — sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry

Häzirki döwürde ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda halkara jemgyýetçiligiň umumy tagallalaryna işjeň goşulyşýar.


16ae2d62ac904d.jpeg
Aşgabatda Zenanlar birleşigi bilen Aragatnaşyk ministrligi zenanyň maşgalada we jemgyýetde eýeleýän orny barada söhbetdeşlik geçirdi

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we onuň garamagyndaky kärhanalaryň işgärleri zenanyň maşgalada we jemgyýetde eýeleýän orny barada söhbet etmek maksady bilen, ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň wekilleri bilen duşuşdylar. «Ornuňyz tördedir, sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly wagyz-nesihat duşuşygy 26-njy oktýabrda ministrligiň mejlisler zalynda geçirildi.


16ae2d466a0f33.png
Şu ýylyň 9 aýynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $117,5 milliona ýetdi

2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 117 million 561,9 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Gruziýanyň Milli statistika gullugy habar berýär.


16ae183f206ef2.jpeg
Hazarýaka döwletleri Aşgabatda ylmy hyzmatdaşlygy maslahatlaşýarlar

Aşgabatda 27-nji oktýabrda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Hazar deňzi institutynda geçirilýän bu duşuşykda taraplar deňiz ylmy barlaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşýarlar. Mejlis öz işini 28-nji oktýabrda tamamlar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.


16ae1864715e9b.jpeg
Türkmenistanyň medeniýet ministri Bakuda geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň medeniýet ministri G.Myradaliýewiň baştutanlygyndaky wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy. Wekiliýetiň ýolbaşçysy milli gymmatlyklary gorap saklamak, medeni mirasy geljekki nesillere ýetirmek hem-de medeniýetara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlap çykyş etdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.