Sanly ulgamy ösdürmegiň geljekki maksatlary

28-04-26

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen, we häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, ähli pudaklaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, döwrebap tehnologiýalary artdyrmaga hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, elektron hökümet ulgamyny ornaşdyrmak, emeli aň tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, ata Watanymyzda diňe bir sanly hyzmatlaryň we täzeçillikleriň peýda bolmagyna däl, eýsem, sanly sowatlylygyň, täze tehnologiýalara we tehnikalara islegiň artmagyna oňyn täsirini ýetiren «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirildi.

Şonuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, häzirki wagtda dünýäde innowasion tehnologiýalaryň, döwrebap çözgütleriň günsaýyn ösýändigini hem-de yzygiderli täzelenip durýandygyny nazara alyp, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» kabul edildi.

Täze Konsepsiýa esasynda kabul edilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda bolsa möhüm wezipeler göz öňünde tutuldy.

Has takygy, meýilnamada sanly ykdysadyýete geçmek, «Elektron hökümet» ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, bu ugurlarda hereket edýän kanunlary we kadalaşdyryjy namalary döwrebaplaşdyrmak, Milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamak, pudaklarda emeli aň, blokçeýn we zatlaryň interneti (IoT) bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmek, hünärmenleri taýýarlamak we hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak, zehinli ýaşlary goldamak hem-de höweslendirmek bilen bagly amala aşyrylmaly işleriň ugurlary, ýerine ýetirijileri we möhletleri bellenildi.

Bu çäreleriň durmuşa geçirilmegi maglumat tehnologiýalary ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, programma üpjünçiliginiň eksportyny ösdürmäge hem-de ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny milli «bulut» hasaplaýyş tehnologiýalary (Data-center) arkaly täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer. «bir penjire» ulgamynda sanly hyzmatlaryň sanynyň artdyrylmagy bolsa döwlet dolandyryşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrar.

Şeýle möhüm wezipeleriň ýene-de biri milli IT ulgamyny kämilleşdirmek hem-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmek üçin ýörite bilimli, ökde we başarnykly hünärmenleriň taýýarlanmagydyr. Hut şonuň üçin, ýurdumyzda sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak, täze sanly taslamalary işläp taýýarlamak, raýatlaryň tehnologik sowatlylygyny ýokarlandyrmak, sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we bu ugurda täze pikir-garaýyşlaryny durmuşa geçirip biljek ökde hünärmenleri, inženerleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Ýurdumyzyň ýaşlary bolsa milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ösdürmek üçin innowasion çözgütleri döretmäge hem-de olary ilerletmäge işjeň gatnaşýarlar.

Häzirki döwrüň möhüm talaby bolan innowasiýalar ýurdumyzda «akylly» şäher - Arkadag şäheriniň gurluşygynda hem netijeli peýdalanylýar. Şeýle giň gerimli taslamalarda ýaşlaryň hem täzeçil garaýyşlarynyň, pikirleriniň we goşandynyň bolmagy ýurdumyzyň innowasiýa kuwwatynyň barha artýandygyny görkezýär.

Ykdysady-durmuş şertlerini düýpgöter özgerdýän sanly tehnologiýalary yzygiderli öwrenmek, özleşdirmek, durmuşa ornaşdyrmak bu döwrüň esasy zerurlygy bolup, ilkinji nobatda wagty tygşytlamak bilen, ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlaryny ýeňilleşdirjek täze gözýetimleri açýar.

Sanlylaşdyrmagyň esasyny düzýän Döwlet Maksatnamada kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi bolsa, ýakyn geljekde uly tehnologik ösüşleriň gazanylmagyna ýardam berer.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny rowaçlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza iri möçberli ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde sanly ulgamy ösdürmekde durmuşa geçirýän beýik işleri üçin köp sag bolsun aýdýarys!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!

Rasul TAGANOW,
Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň 
«Türkmentelekom» EAK-nyň Maliýe-ykdysadyýet bölüminiň baş hünärmeni.

16ae497a4814b9.jpeg
Ulag-logistika — sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry

Häzirki döwürde ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda halkara jemgyýetçiligiň umumy tagallalaryna işjeň goşulyşýar.


16ae2d62ac904d.jpeg
Aşgabatda Zenanlar birleşigi bilen Aragatnaşyk ministrligi zenanyň maşgalada we jemgyýetde eýeleýän orny barada söhbetdeşlik geçirdi

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we onuň garamagyndaky kärhanalaryň işgärleri zenanyň maşgalada we jemgyýetde eýeleýän orny barada söhbet etmek maksady bilen, ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň wekilleri bilen duşuşdylar. «Ornuňyz tördedir, sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly wagyz-nesihat duşuşygy 26-njy oktýabrda ministrligiň mejlisler zalynda geçirildi.


16ae2d466a0f33.png
Şu ýylyň 9 aýynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $117,5 milliona ýetdi

2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 117 million 561,9 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Gruziýanyň Milli statistika gullugy habar berýär.


16ae183f206ef2.jpeg
Hazarýaka döwletleri Aşgabatda ylmy hyzmatdaşlygy maslahatlaşýarlar

Aşgabatda 27-nji oktýabrda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Hazar deňzi institutynda geçirilýän bu duşuşykda taraplar deňiz ylmy barlaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşýarlar. Mejlis öz işini 28-nji oktýabrda tamamlar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.


16ae1864715e9b.jpeg
Türkmenistanyň medeniýet ministri Bakuda geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň medeniýet ministri G.Myradaliýewiň baştutanlygyndaky wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy. Wekiliýetiň ýolbaşçysy milli gymmatlyklary gorap saklamak, medeni mirasy geljekki nesillere ýetirmek hem-de medeniýetara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlap çykyş etdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.