Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly maslahatyna gatnaşýar

10-11-26

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly maslahatynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Şolaryň hatarynda Gazagystan, Türkmenistan we Eýran arasynda üstaşyr aragatnaşyk akymlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanan üçtaraplaýyn ministrler derejesindäki duşuşyk hem geçirildi. Şeýle-de türkmen wekiliýeti HTB-niň Baş sekretary Doreen Bogdan-Martin, Katar Döwletiniň Kiberhowpsuzlyk agentliginiň başlygy inžener Abdulrahman bin Ali Al-Farahid Al-Maliki we Katar Döwletiniň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministri Mohammed bin Ali bin Mohammed Al-Mannai bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda üstaşyr aragatnaşyk mümkinçiliklerini giňeltmek, telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek, şeýle hem maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk we sanlylaşdyrmak ulgamlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçirilen duşuşyklar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmaga we döwrebap telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň beýanydyr. Bu işler Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyna, ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesindäki aragatnaşyk ulgamynda eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär.

16af33ec561900.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly maslahatyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly maslahatynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi.


16af2b70eca965.jpg
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň resminamalary BMG-de çap edildi

2026-njy ýylyň 7–8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň jemleri boýunça kabul edilen resminamalar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň resmi resminamalary hökmünde çap edildi.


16af2b4d88a387.jpg
Belent maksatlara ýetmek ugrunda

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda we milli ykdysadyýetde gazanýan bedew batly ösüşleri — parahatçylygyň, abadançylygyň we gülläp ösüşiň kepili” atly maslahat geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň hem-de durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň netijelerine aýratyn üns berildi.


16af20a236b7a2.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynyň (PP-26) açylyş dabarasyna gatnaşdy.


16af15ba052b6a.jpeg
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary serhet geçelgeleriniň geçirijiligini artdyrmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary iki ýurduň arasynda halkara awtomobil gatnawlaryny mundan beýläk-de çaltlandyrmak hem-de “Farap” we “Alat” serhet geçelgeleriniň geçirijilik mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komiteti anna güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.