«Türkmentel – 2026»: dünýäniň öňdebaryjy sanly tejribesi Aşgabatda jemlener

18-11-26

Şu ýylyň 24–26-njy noýabry aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda «Türkmentel – 2026» halkara sergisi we ylmy maslahaty dünýäniň 20-den gowrak döwletinden 200-den gowrak wekiliýeti bir ýere jemlär.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny kämilleşdirmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň çäklerinde guralýan bu halkara foruma Estoniýadan, Awstraliýadan, Braziliýadan we beýleki döwletlerden sanly tehnologiýalar, elektron dolandyryş hem-de innowasiýalar ulgamynda baý tejribesi bolan halkara derejeli bilermenler gatnaşarlar.

Maslahatyň dowamynda daşary ýurtly hünärmenleriň çykyşlaryna aýratyn orun berler. 

Şolaryň hatarynda Estoniýanyň «e-Governance Academy» guramasynyň Ýerine ýetiriji direktory döwlet dolandyryşyna sanly çözgütleri ornaşdyrmak we elektron hökümet ulgamyny ösdürmek boýunça halkara tejribesini paýlaşar.

«TUMO Center for Creative Technologies» halkara merkeziniň «TUMO International» bölüminiň direktory döredijilik tehnologiýalary, ýaşlaryň sanly bilim almagy hem-de täze işewürlik başlangyçlaryny ösdürmekde innowasion okuw maksatnamalarynyň ähmiýeti barada çykyş eder. 

Estoniýanyň «Proud Engineers» kompaniýasynyň esaslandyryjysy sanly özgertmeleriň häzirki zaman ugurlary hem-de döwlet we hususy pudaklarda innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň ýollary bilen tanyşdyrar, 

Braziliýanyň «ITS Rio» institutynyň Ýerine ýetiriji direktory bolsa öz ýurdunyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda gazanan üstünlikleri we bu ugurda halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi barada giňişleýin maglumat berer.

Halkara derejeli bilermenleriň gatnaşmagynda geçiriljek bu çäre tejribe alyşmak, täze maýa goýum we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, şeýle hem Türkmenistanyň maglumat-kommunikasiýa ulgamynyň ösüşine öňdebaryjy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak üçin möhüm meýdança öwrüler.

16afdea4d8583c.jpg
«Türkmentel – 2026»: dünýäniň öňdebaryjy sanly tejribesi Aşgabatda jemlener

Şu ýylyň 24–26-njy noýabry aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda «Türkmentel – 2026» halkara sergisi we ylmy maslahaty dünýäniň 20-den gowrak döwletinden 200-den gowrak wekiliýeti bir ýere jemlär.


16afde80d039c6.jpg
Aşgabatda geçiriljek «Turkmentel» we «ITTC» forumlaryna 500-den gowrak daşary ýurt wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar

100-den gowrak halkara guramanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem 200-den gowrak wekiliýet «Turkmentel – 2026» atly halkara sergä we ylmy maslahata, şeýle-de «Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş – 2026» (ITTC) atly maslahata hem-de sergä gatnaşmagy meýilleşdirýär. Forumlar 24–26-njy noýabrda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler.


16afd2af374d03.jpg
Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy: durnukly ösüşiň bähbidine sebitleri birleşdirip

Şu ýylyň 24 — 26-njy noýabrynda Aşgabatda ulag geçelgelerini, logistikany, sanly infrastrukturany, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahat we sergi, şeýle-de «Türkmentel — 2026» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler.


16afd2e9d289d8.jpg
“Demirýollary” AGPJ halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öndüriji zawodlaryň arasynda demirýol meýdançasdaky duýdudyş we hasaba alyş ulgamy üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №DÝ/AGPJ-050 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär


16afd2d9f81cf0.jpg
Parlamentara dialog boýunça netijeli hyzmatdaşlyk ilerledilýär

17-nji noýabrda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bitaraplyk syýasatyna we parlament diplomatiýasyna bagyşlanan ýokary derejeli üçünji Aşgabat maslahatynyň açylyş dabarasy hem-de birinji mejlisi geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.