HEREKET HOWPSUZLYGY UGRUNDA
08-09-21
Dünýä ýüzünde düzgünleşdirilen ýol hereketiniň edep kadalaryny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap düzgünler we talaplar bilen utgaşdyryp ulanmak, berjaý etmek zerurlygy artýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda iki gyrasyna dürli baglar jäheklenen giň, owadan ýollarymyzda bu gün dürli kysymly ulaglar yzygiderli hereket edýär. “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir” diýip Baş Kanunymyzda kepillendiren döwletimizde köçe-ýol hereketiniň howpsuz we asuda bolmagynyň kanuny esaslary berkidilýär.
Döwrümiziň, döwletimiziň, parahat dünýämiziň ösen şertlerinde kabul edilen ýol kadalaryna laýyklykda ýollardan, köçelerden diňe saga tarap hereket edýärler. Sürüjiler-de, pyýadalar-da bu kadadan ugur alýarlar. Ýolda seresaply bolmak, pyýada üçin ýörite niýetlenen geçelgelerden geçmek, ýol ugrunda goýlan ýolyşyklaryna görä ýol edebini saklamak esasy talaplaryň biri bolup durýar. Ýol hereketine gatnaşyjylaryň hukuklary we borçlary kanun bilen kesgitlenendir. Ýol hereketine gatnaşyjylaryň ýollarda howpsuz herekete bolan hukuklarynyň kanun esasynda berkidilmegi adam hukuklary baradaky konstitusion hukuklarymyzyň girewidir.
Biziň her birimiz konstitusion hukuklarymyzdan giňden peýdalanyp, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmelidigimizi, seresaply bolmalydygymyzy unutmaly däldiris. Uly ýaşly adamlaryň köçe-ýol hereketiniň kadalaryny, talaplaryny doly we dogry berjaý etmekleri çagalara görelde bolar. Çagalara köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmekde berilýän öwütleriň täsirini ýokarlandyrar. Maşgalada we bilim-terbiýeçilik edaralarynda bu ugurda geçirilýän söhbetdeşliklerde ýoldan geçilende telefonda gürleşmeli däldigini, ses güýçlendiriji enjamlardan peýdalanmaly däldigini, ulagda barylýarka sürüjä dürli soraglary berip ýa-da haýsydyr bir wakany gürrüň berip ünsüni sowmaly däldigini, uky ýa-da köşeşdiriji serişde ulanyp ýola çykmaly däldigini ýaşlara doly düşündirmelidiris. Ýaşlaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini oňat bilmekleri we doly berjaý etmekleri biziň ýollarymyzyň asudalygyny, ömrümiziň rahatlygyny üpjün eder.
Şu nukdaýnazardan, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän biraýlygyň çäklerinde dürli çäreleriň, maslahatlaryň, bu mowzuga degişli bäsleşikleriň guralmagyny belläp geçmek has-da ýakymlydyr. Ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmäge, ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärçiligine düşünmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler ýokary okuw mekdeplerinde hem hereket edýär.
Garaşsyz Diýarymyzda okamaga, döretmäge, zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän, ömrümiziň rahat bolmagy üçin gije-gündiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Baýrammyrat GULOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.