ASUDALYGYŇ KEPILI
13-09-21
Mälim bolşy ýaly, her ýylda giň gerimli “Ýol hereketiniň howpsuzlygy–— ömrümiziň rahatlygy” atly köpçülikleýin çäräniň dowamynda ilat arasynda, şol sanda mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta we orta hünär, ýokary okuw jaýlarynda ýol hereketiniň düzgünleriniň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegine, ýollarda özüňi howpsuz alyp barmagyň öwredilmegine, ýol-ulag hadysalary bilen baglylykda şikes ýetmeleriň öňüniň alynmagyna gönükdirilen düşündiriş, wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda her bir raýatyň howpsuz, asuda ýaşamagy üçin yzygiderli alada edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan adyl syýasatynyň özenini tutýar.
Döwrümiziň, döwletimiziň ösen şertlerinde kabul edilen ýol kadalaryna laýyklykda, ýolda seresaply bolmak, pyýada üçin ýörite niýetlenen geçelgelerden geçmek, ýol ugrunda goýlan ýol yşyklandyryja görä ýol edebini saklamak esasy talaplaryň biri bolup durýar. Gojaman dünýäniň ähli ýerinde diýen ýaly birmeňzeş bolup kabul edilen ýol hereketiniň belgileri, ilkinji nobatda, raýatyň howpsuzlygy üçin oýlanyp tapylandyr.
Garaşsyz döwletimiz hem gysga wagtyň dowamynda dünýäniň ösen döwletleri bilen ýakyndan dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary ýola goýup, tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlary bilen-de aýakdaş gitmegi başarýar. Ol bolsa ähli ugurlar bilen birlikde, ýol gözegçilik gullugynyň işine hem oňyn täsirini ýetirdi. Şeýle-de, tehnologiýalaryň ösmegi esasynda ýollarda howpsuzlyga gözegçilik edýänleriň üpjünçiliginiň gowulanandygyna göz ýetirýärsiň. Bu ulgam häzirki wagtda döwrebap esbaplaryň birnäçeleri, has takygy, radarlar, ýörite tehnikalaryň nusgalary, ýol hereketini kadalaşdyryjylaryň ýokary tehnologiýaly taýaklary, ulag gatnawynyň ýygylygyny we tizligini kesgitleýän we hasaba alýan ýol hereketini dolandyryjy ulgamlaryň birnäçeleri bilen üpjün edilendir. Döwrebap we giň ýollarymyzda giňden ornaşdyrylýan düzgün-tertibe gözegçilik edýän köp sanly awtomatiki radarlar we wideokameralar ýollarymyzda asuda we howpsuz hereketi üpjün etmekde sanly tehnologiýalaryň uly ornunyň bardygyny subut edýär.
Biziň her birimiziň ýollardan dogry we talabalaýyk geçmegimiziň özümiziň golaý gapdalymyzda barýan ýolagça, sürüjä we daşky gurşawa giň täsirini ýetirýändigini bu madda aýdyňlygy bilen düşündirýär. Ýol geçelgelerindäki çyralara seredip, pyýadalar üçin goýlan zebra çyzyjaklaryndan ýöremek ýol hadysalarynyň bolmazlygyna getirýär.
Şu nukdaýnazardan, biraýlygyň çäklerinde ähli ýerlerde bolşy ýaly, biziň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem dürli çäreler geçirilýär. Şeýle hem ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmäge, ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärçiligine düşünmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler ýokary okuw mekdeplerinde hereket edip başlady.
Şu pursatda her bir raýatyň ömür ýolunyň uzalmagy, bagtyýar ýaşamagy üçin ýadawsyz aladalar edýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
Döwlet HOJALYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.