ÝAŞULY PAÝHASY

01-10-24

Türkmeniň ykbal asmanyndan nur saçýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyza diňe bir eşretli eýýamyň gapysyny giňden açyp bermän, eýsem, onuñ asyrlaryñ jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy miraslarynyň il-günüñ  köñül ganatyna öwrülmegine  hem giň mümkinçilik berdi.

Türkmen halkynyň durmuşynda taryhyň ähli döwürlerinde, durmuşyň dürli pursatlarynda, ýaşululara sala salyp, sözüni diňlemek, olar bilen geňeşip, hak çözgüdi oňlamak elmydama dogry netijäniň üstünden eltipdir. Munuň aňyrsynda durmuş meýdanynda taplanan, her bir bolýan hadysadan, wakadan dürs netije çykarmagy başarýan ýaşulylaryň köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribesi, paýhasy ýatyr. Pendi ýüreklere ornan pederlerimiziň, hüwdüsi hak ýola ündän enelerimiziň mähir-muhabbeti ýatyr. Çünki akyl bilen tejribe, ynam bilen yhlas utgaşanda, ynsana mahsus hakyky kämilligi gazanyp bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň milli ruhy gymmatlyklara, mukaddesliklere goýýan sarpasy netijesinde Watany söýmegiň, il-günüňe, halkyňa wepaly bolmagyň nusgasyny görkezen ýaşulylarymyzyň mertebesi has hem belent derejelere çykdy.

Ýaşuly paýhasyna eýermek, olaryň gory egsilmeýän öwüt-ündewlerine uýmak döwlet derejesinde ýola goýuldy. Aýdan sözi hikmete, alkyşy altyna deňelýän ýaşulylarymyz bilen agzybir otagyň howruna çoýunyp, bir saçagyň başynda döwletli gürrüňleri etmek, olaryň sözüni diňlemek, makullamasyny almak gowulykdan nyşandyr. Bu döwlet derejesindäki meseleleriň oňyn çözülmegi, tutumly maksatlaryň, tagallalaryň mundan buýanada ugrugyp gitmegi, döwletimiziň pajarlap ösmegi üçin, raýatlaryň abadan ýaşaýşynyň dowamaty üçin süňňi sozulmaýan kepillikdir.

Öňdengörüji we parasatly jemgyýeti, bagtyýar zamanasy, paýhasly we sylagly gojalary, eziz hem mährem eneleri bolan halk bagtlydyr. Şu uly buýsanç duýgusy bilen hem türkmen halkymyz - bize özleriniň gahrymançylykly zähmeti bilen bu günki eşretli ýaşaýşymyzy peşgeş beren ýaşulylarymyz bilen geljekde mukaddes Watanymyzy has belent sepgitlere ýetirmeli bolan ýaşlarymyz bilelikde eziz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda agzybirlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny uly üstünlikler bilen garşy aldy!

Zuhrat AÇILOWA,
Çärjew etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.