KÄMIL HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK TÄZE ÜSTÜNLIKLERE ITERÝÄR

10-04-23

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän nesillerimiz hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasaty netijesinde bilimli, giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmäge, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegine, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine halkymyzyň intellektual kuwwaty bolan ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Dünýä ykdysadyýetiniň geljekki ösüşi sanly innowasiýalara daýanýan, ösen döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligine bagly bolýandygy sebäpli, sanlylaşdyrmagyň ösüşine we onuň durmuşa ornaşdyrylyşyna aýratyn uly ähmiýet berilýär.

Bu günki gün ösen ylmyň, bilimiň türkmen ýaşlary üçin elýeterli bolmagyny gazanmak esasy wezipeleriň biridir. Şu jähetden ugur alnyp, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, hilini ýokarlandyrmak, döwrebaplaşdyrmak we dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek ugrunda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar.

Ösen döwür bilen aýakdaş gitmek we onuň ýokary talaplaryny ödemek
üçin tehnologiýalar dünýäsine aralaşmak, onuň soňky gazananlaryndan baş çykarmak, halkara dillerde öz pikiriňi erkin beýan edip bilmeklik esasy meseleleriň biri bolup durýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda şeýle ýokary taýýarlykly hünärmene bolan isleg häzirki döwürde has hem artýar. Geljekde ýaşlaryň ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmak işinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň häsiýetli alamatyna öwrüldi.

Häzirki zaman bazar şertlerinde ykdysady we sosial taýdan döwlet dolandyryş pudagynda bilim, anyk çemeleşmeler, şeýle hem olary iş ýüzünde ulanmak başarnygy zerurdyr. Öňdebaryjy hünärmenleri taýýarlamak we işgärleriň hünär borçlaryny, wezipelerini ýokary hilli ýerine ýetirmekleri üçin, olaryň başarnyklarynyň hem-de ukyplarynyň ýokarlanmagy gazanylmalydyr.

Gerekli bilimleri ele alan öz işine ussat hünärmenler öndürijilikli zähmet çekip, üstünlikleriň gazanylmagyna uly goşant goşýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ulag kommunikasiýa pudagynyň hünärmen taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimizin parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyyetimiziň ähli pudaklarynda uly öňegidişlikler we ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ulaglar pudagynyň goşýan goşandy hem aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda raýatlarymyzyň gündelik durmuşyny ulag hyzmatlary bolmazdan göz önüne getirmek mümkin däl. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary boýunça ýaýbanlandyrylýan ösüşleriň, özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde möhüm orny eýeleýän ulaglar düzümini düýpli, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalaryň  yzygiderli amala aşyrylmagy dowam edyär. Hut şu nukdaýnazardanda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň hünärmenleriniň, ýokary okuw mekdebimizde hünäri boýunça talyplarynyň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek meselesine aýratyn üns berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlary döwrebap terbiýeläp ýetişdirmäge, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, sanly bilimiň, ylmyň we sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine berilýän ünsüň barha güýçlendirilmegi, bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlaryň we hünärmenleriň durmuş tejribesiniň has-da baýlaşmagyna oňyn täsir edýär.

Türkmenistanyň  Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlary hem sanly ulgamyñ ýurdumyzda ösdürilmegi bilen bagly alnyp barylýan okuw maslahatlaryna işjeň gatnaşýarlar hem-de okuw meýilnamalaryna laýyklykda talyp ýaşlara bu ugurlar boýunça okuw sapaklarynda giňişleýin öwredýärler.

Ýaşlarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ynamlaryny ödemek üçin zehininidir yhlasyny gaýgyrmaýandygyna buýsanýarsyň. Kärine ökde hünärmenleri taýýarlamagy maksat edinen mugallymlarynyň kömegi bilen heniz okaýan döwründe-de köp tejribe toplamaga döredilýän şertler üçin Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bagtyýar talyp ýaşlary hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarlar.

Aýjahan GURBANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.