Milli ruhy dünýä ýaýýan şahyr
16-06-23
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen baý edebi mirasymyzyň düýpli we hemmetaraplaýyn öwrenilişi barha giň gerime eýe bolýar. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenip geçilmegi şahyryň döredijiliginiň, ylmy garaýyşlarynyň, döwletlilik hakyndaky pikirleriniň mundan beýläk-de giňden öwrenilmegine ýardam eder.
Geljek ýylda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýyl dolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu şanly senä taýýarlyk işleri dowam edýär. Şeýle belent hormat-sarpa akyldar şahyryň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Watansöýüjilige, agzybirlige we dost-doganlyga çagyran söz ussadynyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, beýleki halklaryň hem ýüreginde orun alýar.
Ynha, nesip bolsa, 2024-nji ýylda hem bize akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň ençemesi garaşýar. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giň gerimli tutumlar bilen belleniler. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly karara gol çekildi hem-de bu senäni bellemek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi degişli karar bilen tassyklanyldy. 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda bolsa sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady.
Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatynda hormatly Prezidentimiz «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň beýik akyldaryň mertebesini beýgeltmekde uly iş boljakdygyny nygtady. Munuň özi şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlyk görülýändiginden habar berýär.
Magtymguly Pyragy köp manyly sözleri hem şygryýetinde ähli many öwüşginleri bilen ulanypdyr. Şahyr umumadamzadyň zeruryýetine dahylly şahyrana pikirleriňem, sözleriňem dürüni süzüp alyp bilen ussat. Onuň özi hem bu barada: «Söz bar awuly aşy, // Bal bilen ýag eýleýir» diýip belleýär. Ýagşy sözler adamyň kalbynda üýtgeşik şatlyk duýgusyny, gözellik meýillerini oýarýar. Hyýallar aýdyň bolup, pikirler sazlaşykly ösende, biziň sözleýän sözlerimiz hem gözelleşýär. Sözler diňe ýürekden çykanda ajaýyp bolýar. Magtymgulynyň şygyrlarynda bolsa bütin türkmen halkynyň merdana ýüregini görmek bolýar.
Islendik meseläniň ýagty, ýagşy tarapyndan seretmek hem şahyryň döredijiliginiň tapawutly aýratynlyklarynyň biridir. Onuň pikiriçe ynsan gatnaşyklaryny ýüreklerdäki ýagşy päl, birek-biregiň hormatyna edilýän ýagşy işler sazlaýar. Bütin adamzadyň ümzügi aýdyň ertirlere, ýagşy niýetlerden püre-pür bolan beýik geljege sary.
Ýurdumyzda her ýylyň iýun aýynda Medeniýet hepdeligi bilen Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy bilelikde bellenilýär. Ol gün şygyr sungatynyň mukaddes tärlerini şahyrdan miras alan döredijilik ussatlarymyz täzeden-täze ajaýyp şygyrlary bilen halkymyzy begendirýär.
Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldamagy halkymyzy diýseň buýsandyrdy. Biz — talyp ýaşlar dana şahyrymyzyň dürdäne şygyrlaryny, edebi mirasyny içgin öwrenýäris. Magtymguly Pyragynyň watanperwerlige, lebzihalallyga, mertlige çagyrýan şygyrlary häzirki ýaş nesiller üçin görüm-görelde mekdebidir.
Bu günki gün biz şahyryň arzuwlap öten eşretli zamanasynda, bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşaýarys. Şahyryň arzuwlan zamanasynda ýaşap, eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerine ýakyndan şaýat bolmak, olaryň her birine dahylly bolmak biziň üçin çäksiz mertebedir. Akyldar şahyrymyzyň at-abraýynyň umumadamzat derejesinde dabaralanmak babatdaky aladalaryň, tagallalaryň gözbaşynda durýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Dünyägözel ANNAGURBANOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň Logistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.