Parahatçylyk we ynanyşmak — durnukly ösüşiň wajyp şerti
26-10-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär.
Ýurdumyz sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge jogapkärli çemeleşmek bilen, häzirki döwrüň wajyp meselelerini netijeli çözmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna uly goşant goşýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu abraýly gurama bilen yzygiderli ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny dabaralandyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çäreler geçirilip, olarda daşary syýasatymyzda uly ähmiýete eýe bolan Bitaraplyk ýörelgeleri giňişleýin wagyz edilýär. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde öz işine başlan maslahat hem şeýle çäreleriň biridir. Onuň öňüsyrasynda foruma gatnaşyjylar institutyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan milli amaly-haşam sungatymyzyň gymmatlyklaryny, abadançylygyň, parahatçylygyň many-mazmunyny açyp görkezýän döredijilik eserlerini synladylar.
Parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, dünýä döwletleri bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Ýurdumyz BMG-niň strategik wezipeleriniň ählisini ýerine ýetirmegiň, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şerti hökmünde ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek üçin Milletler Bileleşiginiň mümkinçiliklerinden, onuň syýasy-diplomatik gurallaryndan has netijeli peýdalanmak ugrunda çykyş edýär. Maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýan başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.
Häzirki döwürde türkmen Bitaraplygynyň wajyp orny hem-de onuň mümkinçilikleriniň zerurlygy has äşgär ýüze çykýar. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň binýadynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu topar ählumumy hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmak üçin açyk meýdança öwrüldi. Halkara gatnaşyklarda durnuklylygy üpjün etmek, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda derwaýys ugur bolup durýar. Ýurdumyz bu ugurda yzygiderli çäreleri amala aşyryp, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, umumydünýä wehimlerine netijeli garşy durmak boýunça tagallalary birleşdirmekde bitaraplygyň gurallaryndan hem-de mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmagy teklip edýär. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, dostluk, açyklyk hemişe halkymyzyň özboluşlylygynyň esasyny düzüpdi we şeýle bolmagynda-da galýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň aýratynlygy onuň parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmäge döredijilikli çemeleşýändigi bilen baglanyşyklydyr. Bu çemeleşmeler täze pikirlerdir iş ýüzündäki tejribeler bilen baýlaşdyrylýar, üýtgäp durýan şertlere uýgunlaşdyrylýar. Onuň döredijilikli, ynsanperwer häsiýeti üýtgewsiz bolmagynda galýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty sebit we ählumumy derejede howpsuzlygyň, durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Öňüni alyş diplomatiýasy bolsa onuň aýrylmaz bölegidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Howpsuzlyk geňeşine agza döwletleriň goldaw bermeginde, 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu merkez döredilen wagtyndan bäri döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde Milletler Bileleşiginiň ulgamyny Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli meýdança öwrüldi.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.