Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy ornaşdyryldy
29-06-25
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda täze tehnologiýalar, kämil hem akylly serişdeler ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Öňdebaryjy innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bolsa ýurt ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Merkezi Aziýada durmuş şertleri tutuşlygyna elektron ulgam arkaly dolandyrylýan ýeke-täk «akylly» şäher — Arkadag şäherine «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan 5G tehnologiýasy ornaşdyryldy.
5G tehnologiýasynyň ýola goýulmagy tehnologiýa ösüşiniň täze tapgyryna ädim bolmak bilen edara-kärhanalaryň işini tiz we oňaýly dolandyrmaga, sanly hyzmatlardan çalt peýdalanmaga mümkinçilik berer.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 22-nji fewralynda Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, 4G+ aragatnaşyk tehnologiýasynyň işe girizilmegine ak pata beripdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda 5G tehnologiýasyny işe girizmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek bilen bagly tabşyryklary berdi.
Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň «Huawei» kompaniýasy bilen bilelikde bu ugurda degişli işler geçirilip, bu ulgamy Arkadag şäherinde ornaşdyrmagyň ähli şertleri öwrenildi we 5G tehnologiýasy bu günki gün şäheriň ähli ýerinde doly elýeterli boldy.
Ykdysadyýetiň günsaýyn sanlylaşdyrylýan häzirki döwründe 5G tehnologiýasy internet hyzmatlaryndan peýdalanmagyň iň ýokary tizlikli neslidir. 4G aragatnaşygynyň tizligi sekuntda 200-250 MB maglumatlary geçirmäge ukyply bolsa, 5G sekuntda 500 MB-den — 1 GB çenli maglumatlary geçirip bilýär. Bu sanly ösüş ýokary tizlikli interneti talap edýän programma üpjünçilikleriniň ýeňil dolandyrylmagyny, şeýle hem birbada müňlerçe enjam arkaly internetden bökdençsiz peýdalanmagy üpjün edýär.
Arkadag şäheriniň şertlerinde 5G tehnologiýasy bilim maglumatlaryny ýokary tizlikde almaga, önümçilikde enjamlary sanly ulgam esasynda tiz dolandyrmaga, «akylly» şäher konsepsiýasynyň täze aýratynlyklaryndan peýdalanmaga, telewideniýede gepleşikleri 4K ölçegde göni ýaýlyma bermäge, telemedisina amallaryny ýerini ýetirmäge giň mümkinçilikleri açar.
Robototehnika ýaly depginli ösýän pudakda hem bu tehnologiýanyň uly ähmiýeti bar. Ol robotlaryň uzak aralykdan dolandyrylmagynda, robot tehnikalary ornaşdyrylan pudaklarda işleriň bökdençsiz amala aşyrylmagynda wajyp orna eýedir. Robotlar arkaly çylşyrymly we takyk lukmançylyk amallaryny ýerine ýetirmekde, senagatyň dürli pudaklarynda robotlardan peýdalanmakda 5G aragatnaşygynyň kömegi bilen iň ýokary netijeleri gazanyp bolýar.
Bu aragatnaşyk tehnologiýasy ýurdumyzda ähli ugurlarda işleriň has-da netijeli alnyp barylmagy üçin täze iş ülňüleriniň, innowasion dolandyryş endikleriniň, ýokary hiliň we önümçilik kuwwatlylygynyň sazlaşygyny döretmegiň täze döwrüne badalga berer.
5G tehnologiýasy — munuň özi dünýäniň häzirki zaman binagärlik çözgütlerinden ugur alnyp, täze tehnologiýalara esaslanyp bina edilen «akylly» şäherimiziň iň bir möhüm düzüm bölegidir. Ol Arkadag şäherinde häzirki zaman telekommunikasiýa infrastrukturasynyň döredilendigini alamatlandyryp, ykdysadyýetiň okgunly ösüşine ýardam berer.
Ulag-logistika — sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry
Häzirki döwürde ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda halkara jemgyýetçiligiň umumy tagallalaryna işjeň goşulyşýar.
Aşgabatda Zenanlar birleşigi bilen Aragatnaşyk ministrligi zenanyň maşgalada we jemgyýetde eýeleýän orny barada söhbetdeşlik geçirdi
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we onuň garamagyndaky kärhanalaryň işgärleri zenanyň maşgalada we jemgyýetde eýeleýän orny barada söhbet etmek maksady bilen, ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň wekilleri bilen duşuşdylar. «Ornuňyz tördedir, sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly wagyz-nesihat duşuşygy 26-njy oktýabrda ministrligiň mejlisler zalynda geçirildi.
Şu ýylyň 9 aýynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $117,5 milliona ýetdi
2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 117 million 561,9 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Gruziýanyň Milli statistika gullugy habar berýär.
Hazarýaka döwletleri Aşgabatda ylmy hyzmatdaşlygy maslahatlaşýarlar
Aşgabatda 27-nji oktýabrda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Hazar deňzi institutynda geçirilýän bu duşuşykda taraplar deňiz ylmy barlaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşýarlar. Mejlis öz işini 28-nji oktýabrda tamamlar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň medeniýet ministri Bakuda geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň medeniýet ministri G.Myradaliýewiň baştutanlygyndaky wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy. Wekiliýetiň ýolbaşçysy milli gymmatlyklary gorap saklamak, medeni mirasy geljekki nesillere ýetirmek hem-de medeniýetara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlap çykyş etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.