Türkmenistanda Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýatyrylyp, täze ministrlikler we gulluklar döredildi
12-07-25
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýatyryldy. Onuň garamagyndaky «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň işi bes edilip, olaryň binýadynda, degişlilikde, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi döredildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde degişli Permana gol çekdi.
Resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi we «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi, degişlilikde, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy we Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy diýlip atlandyryldy hem-de olar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna berildi.
Permanda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň iki orunbasarynyň, Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň üç orunbasarynyň, Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministriniň iki orunbasarynyň, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygynyň iki orunbasarynyň hem-de Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygynyň iki orunbasarynyň bolmalydygy bellenilýär.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, degişlilikde, işini bes eden «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hukuk oruntutarlary diýlip kesgitlenildi.
Şeýle-de Permanda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde, degişlilikde:
1. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hakynda Düzgünnamalaryň, olaryň merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny hem-de işgär sanynyň we ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini;
2. Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamalydygy hem-de Ministrler Kabinetine bermelidigi barada aýdylýar.
Perman ýurtda ulag we aragatnaşyk toplumyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.
Ulag-logistika — sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry
Häzirki döwürde ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda halkara jemgyýetçiligiň umumy tagallalaryna işjeň goşulyşýar.
Aşgabatda Zenanlar birleşigi bilen Aragatnaşyk ministrligi zenanyň maşgalada we jemgyýetde eýeleýän orny barada söhbetdeşlik geçirdi
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we onuň garamagyndaky kärhanalaryň işgärleri zenanyň maşgalada we jemgyýetde eýeleýän orny barada söhbet etmek maksady bilen, ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň wekilleri bilen duşuşdylar. «Ornuňyz tördedir, sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly wagyz-nesihat duşuşygy 26-njy oktýabrda ministrligiň mejlisler zalynda geçirildi.
Şu ýylyň 9 aýynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $117,5 milliona ýetdi
2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 117 million 561,9 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Gruziýanyň Milli statistika gullugy habar berýär.
Hazarýaka döwletleri Aşgabatda ylmy hyzmatdaşlygy maslahatlaşýarlar
Aşgabatda 27-nji oktýabrda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Hazar deňzi institutynda geçirilýän bu duşuşykda taraplar deňiz ylmy barlaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşýarlar. Mejlis öz işini 28-nji oktýabrda tamamlar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň medeniýet ministri Bakuda geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň medeniýet ministri G.Myradaliýewiň baştutanlygyndaky wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy. Wekiliýetiň ýolbaşçysy milli gymmatlyklary gorap saklamak, medeni mirasy geljekki nesillere ýetirmek hem-de medeniýetara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlap çykyş etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.