Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar toplumyna wise-premýer bellenildi
12-07-25
Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine 6 aý synag möhleti bilen bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde degişli Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu gün gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýatyrylyp, onuň garamagyndaky agentlikleriň işi bes edildi hem-de olaryň binýadynda täze ministrliklerdir gulluklar döredildi.
M.Çakyýew mundan ozal Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory wezipesini ýerine ýetirýärdi.
Türkmenistanda 1-nji sentýabrda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy başlanýar
2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň nobatdaky biraýlygy badalga alar. Bu çäre esaslandyrylan gününden bäri eýýäm on ikinji gezek geçiriler.
«Türkmenpoçta» TMDrops hyzmatynyň üsti bilen halkara onlaýn söwdasyny ösdürmegini dowam etdirýär
Aşgabatdan çykman, «Adidas» krossowkalaryny, «Zara» köýneklerini ýa-da «Amazon» internet dükanyndan dürli elektron enjamlary sargyt etmek indi geň zat däl, häzirki döwürde bu gündelik durmuşyň bir bölegine öwrüldi. «Türkmenpoçta» TMDrops hyzmatynyň üsti bilen halkara onlaýn söwdasyny ösdürmegini dowam etdirýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar. Forumyň işine dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy we medeni ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
“elkitap” programmasy bäş dilde elektron we audiokitaplary hödürleýär
“elkitap” programmasy ulanyjylara türkmen, rus, iňlis, türk we ýakynda goşulan nemes dillerinde elektron hem-de audiokitaplary hödürleýär. Bu barada programmanyň kontent menejeri Oleg Sanjiýew Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda geçirilen “Kids Expo 2026: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň dowamynda “Business Turkmenistan” neşirine beren gürrüňdeşliginde aýtdy.
Pakistanyň işewür wekiliýeti “Aýdyň Gijeler” kärhanasynyň önümçilik işleri bilen tanyşdy
Pakistanyň işewür toparlarynyň we resmi edaralarynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen “Aýdyň Gijeler” kompaniýasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada kompaniýa şenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.