Nurmuhammet Andalyp türkmen dessançylyk däbiniň kerwenbaşysy

19-10-25

Türkmen nusgawy edebiýatynyň altyn sahypalarynda ady mynasyp orun eýeleýän, Nurmuhammet Andalyp (1660-1740) diňe bir XVII asyryň ahyrynyň we XVIII asyryň başynyň görnükli şahyry bolman, eýsem türkmen edebiýatynda täze bir žanryň – dessançylyk däbiniň kerwenbaşysy hökmünde ykrar edilýär. Onuň döredijiligi Magtymguly Pyragynyň öň ýanyndaky döwürde edebiýatyň ösüşine güýçli itergi berip, geljekki nusgawy şahyrlaryň ýoluny ýagtyldan yşyk çyragy boldy.

Nurmuhammet Andalyp Daşoguz welaýatynyň öňki (Ýylanly etrabynyň) Garamazy obasynda dünýä inýär. Ol ilki oba mekdebinde, soňra bolsa Hywada medresede bilim alýar. Ol diňe bir ylym-bilimi kämil ele almazdan, eýsem, Gündogaryň akyldarlarynyň eserlerini we halk döredijiligini yhlas bilen öwrenýär.

​Şahyr özüne manysy "Bilbil" diýmek bolan Andalyp edebi lakamyny alýar. Rowaýata görä, ol Gül atly gyzy söýüp, özüni onuň yşkynda saýraýan bilbil hasaplaýar. Bu lakamyň manysy onuň tutuş döredijiliginiň esasy özeni bolan yşk, wepa we kalbyň inçe duýgulary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Andalybyň döredijiliginiň esasy ýörelgesi onuň gymmatly dessanlarydyr. Ol özünden öňki Gündogar edebiýatynda giňden ýaýran sýužetleri türkmen durmuşyna, däp-dessurlaryna we diline ýakynlaşdyrmagy başardy. Ol türkmen edebi dilini halkyň gepleşik diline has ýakynlaşdyrdy, bu bolsa onuň eserleriniň halk arasynda örän meşhur bolmagyny üpjün edýär.

​Onuň meşhur dessanlary:

"Leýli-Mejnun": Pajygaly yşkyň beýany bolup, söýgi azatlygyny inkär etmeklige garşy protesti öz içine alýar.

"Ýusup-Züleýha": Gündogar yşky-ahlak dessanlarynyň iň ajaýyp nusgalaryndan. "Babaröwşen", "Zeýnelarap", "Melike-Mährinigär" ýaly eserleri dilden dile geçip bagşylaryň dillerinde, kalplarynda ýasaýar. Dessanlardan başga-da, Andalyp beýleki görnüşlerde hem uly yz galdyrdy.

Taryhy Poýemalar: Onuň esasy gymmatlyklarynyň biri-de gadymy türkmen taryhyny öwrenmek üçin gymmatly çeşme bolan, öz ugrundan ýeke-täk taryhy poýemasy "Oguznama"-dyr. Şeýle-de, ol meşhur türkmen şahyryna bagyşlanan "Nesimi" poýemasny doredýär.

Nurmuhammet Andalybyň beýik mirasy döwlet derejesinde hormatlanýar.

Nurmuhammet Andalyp türkmen edebiýatynyň iň ýagty ýyldyzlarynyň biridir. Ol dessançylyk däbini esaslandyryp, Magtymgula ýol açan, halkynyň taryhy we yşky duýgulary bilen ýugrulan eserleri miras galdyran beýik söz ussadydyr. Onuň mirasy bize ynsanperwerligi, dostlugy, söýgä we wepa borjuny ündeýän baky gymmatlyk bolup hyzmat edýär.

Şamar BAÝRAMDURDYÝEWA,
Lebap welaýat kitaphanasynyň I-nji derejeli usulçysy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.