NESIL TERBIÝESINDE MILLILIK ÝÖRELGELERI
12-12-25
Türkmen halkynyň milli terbiýesi asylly ýörelgelerden gözbaş alýar. Ýaşlara watansöýüjilik ruhunda bilim-terbiýe bermäge aýratyn ähmiýet beren türkmen halky nesil terbiýesiniň kämil mekdebini kemala getiripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, nesil terbiýesine üns bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýaş nesilleriň terbiýesinde ata-babalarymyz kitap okamagy, bilim almagy ýörelge edipdirler. Şonuň üçin hem şöhratly taryhymyzda akylly-başly, sowatly şahsyýetleriň hemişe ýaşlara nusga bolandygyny görýäris. Şeýle hem, ýaşlary Watana wepalylyk, asyllylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeler esasynda terbiýelemäge gönükdirilen işler halkymyzyň nesil terbiýesinde möhüm orny eýeleýär.
Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde ýagşylygy, watansöýüjiligi wasp edýär. Munuň özi ýaş nesillerde aýratyn täsir galdyryp, asylly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şeýle terbiýe bilen ösüp-ulalan perzent il-halka wepaly bolýar, belent ynsanperwerligi kalbyna guýýar. Munuň özi ýaşlaryň kämil ynsanlar bolup ýetişmegine oňat mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem ata-eneler çagalaryna öwüt-ündew bermekde nakyllara, nusgawy edebiýata salgylanýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde hem türkmen ýaşlarynyň edep-terbiýesinde milli ýörelgeleri aýdyň görmek bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere milli gymmatlyklarymyz, nusgawy edebiýatymyz, ene dilimiz çuňňur düşündirilýär. Olara bu gymmatlyklaryň pähimdar pederlerimizden miras galandygy, bu günki günde hem ösdürilýändigi hakynda wagyz edilýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” röwşen nuruny boldan eçilýän günlerinde biz ýaşlarymyza bilim-terbiýe berenimizde halk arasyndaky parasatly sözleri, nakyllary, ýörgünli söz düzümlerini olaryň aňyna guýýarys. Munuň özi, ilki bilen, olarda milli garaýşy kemala getirýär, halkyň taryhy ýoluna, döreden gymmatlyklaryna söýgi döredýär. Bu işler özüniň oňat netijesini berýär, ýaşlaryň kämil düşünjeli, giň dünýägaraýyşly bolmagyna täsir edýär.
Ýaş nesliň bagtyýar durmuşy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim-terbiýeçilik ulgamynda alnyp barylýan işler oňyn netijesini berýär. Şonuň netijesinde türkmen ýaşlary Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Bu günki gün Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan özgertmeler oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda sanly bilimiň esasyny düzýän innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Geçirilýän okuw sapaklarynyň hili üznüksiz ýokarlanyp, berilýän bilimiň derejesi halkara ülňülerine gabat gelýär. Bilim alýan ýaşlara elektron kitaplary ulanma-ga we elektron kitaphanalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga has oňaýly şertler döredilýär. Onlaýn arkaly okuwlaryň guralmagy, bilim ojaklarynyň binýadynda sanly bilim portallarynyň döredilmegi ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilýändiginden, ýaş nesilleriň ýokary hilli bilim almagyna ähli şertleriň döredilýändiginden habar berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar we üstünliklere ýetilýär. Şunda ylym-bilimiň gazananlarynyň aýratyn orun eýeleýändigini görmek bolýar. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde bu ugruň ilerlemegine aýratyn üns berilýär, giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebap ösdürýän, türkmen ýaşlarynyň bilim almaklary we kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Menzil NURMURADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuserçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.