HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATÇYLYGYŇ ÇAPARY

13-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýä ýaýylýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy asudalygyň we gülläp ösüşiň berk binýadydyr. Hemişelik Bitaraplyk dostlugyň we hyzmatdaşlygyň gözbaşydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar. Hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik pähimdar pederlerimiziň ädimme-ädim sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir.

Hemişelik Bitaraplyk parahatçylykly ýol bilen bagtyýar geljege sary ynamly öňe gitmekdir. Türkmen halkynyň milli özboluşlylygy bolan ynsanperwerlik ýoly Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynda öz beýanyny tapýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy - munuň özi parahatçylygyň berk binýady. Şeýle hem hemişelik Bitaraplyk halkyň abadan durmuşydyr, asuda ýurdumyzyň ösüşli ýoludyr. Halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Şonuň netijesinde bu günki günde halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýä ýaýylýar. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan ynsanperwer syýasatyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, dünýä ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit we ählumumy derejede durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmäge özüniň mynasyp goşandyny goşýar.

Hemişelik Bitaraplygymyz geçen otuz ýylyň içinde merdana halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk etmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki çykyşynda beýik başlangyçlary öňe sürdi. Munuň özi halkara jemgyýetçiliginde, dünýäde uly goldawa eýe boldy. Häzirki döwürde Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesi parahatçylygy we durnuklylygy saklamakda, dostlukly gatnaşyklary, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy. Taryhy döwürde jemgyýetde, halkyň aňynda hoşniýetlilik medeniýeti ýaly çuňňur özgerişleriň kemala gelmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Hut şu nukdaýnazardan, hemişelik Bitaraplyk we parahatçylyk ýoly bilen geljegiň belent maksatlaryna uly üstünlikler bilen ýetiljekdigine ynanýarys.

Bu günki gün Türkmenistan - parahatçylygyň gülleýän ýurdy. Dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli, dostana gatnaşyklary berkidýän döwletimiziň älem içre abraýy barha artýar. Munuň özi hemişelik Bitaraplygymyzyň miweleri hem-de onuň bize beren egsilmez peşgeşi, ajaýyp eşretidir. Türkmenistan özüniň parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk syýasaty esasynda dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Hemişelik Bitaraplygymyz häzirki zaman dünýäsiniň aýdyň ýoly bolup, Diýarymyzyň dünýäni haýran galdyrýan täsin gülleýşinde özüni mese-mälim görkezýär.

Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen ýeke-täk Bitarap döwlet bolan Türkmenistan dost-doganlygy pugtalandyrýan ýurt hökmünde özüni tanatdy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm guralyna öwrüldi. Şeýle hem dünýäniň iň uly we abraýly halkara guramasy bolan BMG-niň bütin dünýäde parahatçyly-gy pugtalandyrmak we dürli halklaryň hem-de döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösmegine amatly şertleri döretmek ugrundaky ynsanperwer işinde ygtybarly daýanjyna hem ýardamçysyna öwrülmegine mümkinçilik döretdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan daşary döwletler bilen ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda gatnaşyklaryny has-da ýygjamlaşdyrdy we ösdürdi.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýörelgelerine elmydama ygrarly bolup gelýär. 12-nji dekabrda halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny dabaraly belledi. Oňa dünýäniň köp ýurtlarynyň Baştutanlary, resmi wekiliýetler, myhmanlar gatnaşdy. Goý, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun!

Gurbangeldi AŞIRMÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.