Bitaraplyk – parahatçylygyň we ynanyşmagyň baýramy
09-11-26
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmegi dekabr aýynyň ähmiýetli wakasy bolar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etdi. Ol gün ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna 31 ýyl dolýar. BMG bilen hyzmatdaşlyk netijeli, yzygiderli we işjeň häsiýete eýe bolup, köpugurly gatnaşyklary öz içine alýar. Türkmenistan hem-de Milletler Bileleşigi dünýäde abadançylygy hem-de gülläp ösüşi pugtalandyrmagy ählumumy wezipe hasaplaýar.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk we ynanyşmak halkara hyzmatdaşlygy Bitaraplyk syýasatynyň düýp mazmunyny emele getirýän giň dünýägaraýşy, ynsanperwer ýörelgeleri pugtalandyrýar. Ol ösüşiň we abadançylygyň umumy maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen täze mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Milletler Bileleşigi bilen birnäçe halkara dabaralar guraldy.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş edip, sebit hem-de halkara ähmiýetli meseleler boýunça netijeli çözgütleri öz içine alýan Türkmenistanyň tekliplerini hem-de ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi. Bu taryhy çykyş halkara jemgyýetçilikde giň seslenme döretdi. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda bellenildi. Ýurdumyzyň daşary syýasat başlangyçlary, esasan, energetika howpsuzlyk ulgamyny, ulag düzüminiň ösdürilmegini, ekologiýanyň goralmagyny we durnukly ösüşiň beýleki möhüm meselelerini öz içine alýar. Ýurdumyz dünýä ähmiýetli işlere giňden gatnaşmak bilen, halkara syýasy giňişlikde abraýly ornuny ýylsaýyn pugtalandyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, goşulmazlyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan, halkymyzyň hem-de tutuş adamzadyň bähbidine gabat gelýän syýasaty dabaralandyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň belent münberinden Baş Assambleýanyň ýubileý sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň möhüm tapgyry hökmünde garaýandygyny aýtdy. Öňüni alyş diplomatiýasy türkmen Bitaraplygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şonuň üçin Baş Assambleýanyň çözgüdi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Howpsuzlyk Geňeşine agza döwletleriň goldaw bermegi bilen 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Sebit merkeziniň orny hakynda Kararnamalaryň kabul edilmegi onuň halkara-hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda, kuwwatyndan we mümkinçiliginden netijeli peýdalanmakda möhüm ähmiýetli waka boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik wekilhanasynyň, Ösüş Maksatnamasynyň, ÝUNISEF-iň, BSGG-niň, UNFPA-nyň wekilhanalarynyň, şeýle hem dünýä bileleşiginiň beýleki birnäçe ýöriteleşdirilen edaralarynyň hemişelik esasda üstünlikli işleýändigini bellemek has-da ýakymly.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama Garaşsyz Watanymyzyň hem-de dünýäniň häzirki zaman syýasatynyň we diplomatiýasynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamasyny öz Konstitusiýasynda beýan eden dünýäde ýeke-täk döwletdir. Şunda halkymyzyň baý taryhy tejribesiniň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny bellemek gerek. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, dostluk, açyklyk türkmeniň özboluşlylygynyň esasyny düzýär. Hemişelik Bitaraplyk ýoly ata-babalarymyzyň belent adamkärçilikli häsiýetlerine we dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýar. Taryhy tejribeler bize başgalaryň pikirine hormat goýmagy, birek-birege düşünişmegi, parahatçylygyň we asudalygyň gadyryny bilmegi, goňşular bilen dostlukly gatnaşyk saklamagy, agzybir bolmagy öwretdi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň hemişelik Bitaraplygymyzy tassyklaýan üç sany Kararnamany kabul etmegi Türkmenistanyň milli, sebit we ählumumy strategiýalary, umumadamzat bähbitli maksatnamalary hem-de meýilnamalary durmuşa geçirmekde edýän tagallalaryna berlen nobatdaky belent baha boldy. BMG-niň çäklerinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Ol Bitaraplyk babatda köptaraplaýyn we tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Munuň özi hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň möhüm netijeleriniň biridir. Bu başlangyç dünýä halklarynyň parahatçylykly we özara ynanyşykly ýaşaşmagyň däplerini pugtalandyrmak boýunça tagallalaryny birleşdirmäge, bar bolan meseleleri çözmäge hem-de geljekki nesillere has gowy geljegi gurmak üçin dialogyň we hyzmatdaşlygyň esasynda bilelikdäki işe gönükdirilendir.
Goý, berkarar Diýarymyzy parahatçylykly ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýantürkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Zübeýda ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.