Ýurdumyzyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
25-12-25
15-nji dekabrda paýtagtymyzda ýakymly we uzak garaşylan Täze ýyl baýramynyň hormatyna däp bolan dabaralaryň başlanýandygyny alamatlandyrýan ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Asylly däbe görä, Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança her ýylda geçirilýän dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi. Bu ýerde belent başly, ýaşyl öwüsýän arça oturdylyp, onuň töwereginde ertekilerdäki ýaly ajaýyp gurşaw döredildi.
Dürli yşyklar bilen bezelen arçanyň ýanyna şowhunly çykyşlara sabyrsyzlyk bilen garaşyp duran köp sanly çagalar we ulular — paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary, folklor-tans toparlary, baýramçylyk lybasyndaky sirk, teatr artistleri, ertekileriň gahrymanlary ýygnandylar. Hut şu ýerden çagalar üçin täsin başdangeçirmeler başlanýar. Bu ýerde Aýazbabanyň we onuň agtygy Garpamygyň jadyly taýajyklary arkaly körpeleriň ajaýyp arzuw-islegleri amala aşyrylýar. Täze ýylyň esasy nyşany bolan Baş arça dürli öwüşginli şarlardyr çyrajyklar, yşyklandyryjy bezegler bilen ýalkym saçyp, baýramçylygyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüler.
Ýurdumyzyň Baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikler baradaky düşünjelere beslenen dabaradyr. Şoňa görä-de, ol baýramçylygyň guramaçylaryndan aýratyn döredijilikli çemeleşmäni talap edýär. Her ýyl Aýazbaba we Garpamyk üçin geçilmeli ýörite ugur hem-de medeni maksatnama taýýarlanylýar. Şu gün Aýazbabadyr Garpamyk ulagda Gündogar müçenamasyndaky 12 ýyly alamatlandyrýan lybaslardaky çagalar hem-de baýramçylyk öwüşgininde bezelen iki gatly awtobusda “Abadançylyk” binasynyň ýanyndan baýramçylyk ýörişine başladylar. Olar bu ýerden Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylyp ulanmaga berlen Bitaraplyk binasynyň ýanyna gelýärler. Parahatçylygyň, açyklygyň, ýurdumyzyň saýlap alan mizemez ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nyşanyna öwrülen binanyň ýanynda Aýazbaba we onuň ýanyna ýygnananlar asmana ak kepderileri uçurýarlar.
Soňra ýygnananlar agzybirlikde “Jahan” döredijilik merkezine tarap ýola düşdüler. Bu ýerde joşgunly aýdym-sazlar, degişme sahnalary ýaýbaňlandyrylyp, baýramçylyk lybasyndaky ýaşajyk tansçylar öz çykyşlaryny görkezdiler. Körpe suratkeşler bolsa döredijilik eserleri bilen tanyşdyrdylar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Akpamyk we akylly Ahmet ýaly erteki gahrymanlary hem bar.
Soňra dabaralar Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Arkadag şäherinde dowam edýär. Täze ýyl mynasybetli dabara gatnaşyjylar şu ýylda açylyp ulanmaga berlen häzirki zaman awtomobil köprüsinden “Akhan” we “Taýçanak” binalaryna tarap ýola düşýärler. Arkadag şäheriniň baýramçylyk öwüşgininde bezelen meýdançasynda şäheriň baş arçasy oturdylypdyr. Bu ýerden Aýazbaba hem-de Garpamyk Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugradylar. Dabara gatnaşyjylar üçin aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Atçylyk sirkiniň we Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebinde bilim alýan okuwçylar myhmanlar üçin ajaýyp çykyşlary taýýarlapdyrlar. Soňra Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ahalteke bedewleriniň we olara ezberlik bilen erk edýän ýigitleriň gatnaşmagynda görkezme çykyşlary guraldy.
Ýol ugrunda ýerleşen her bir desganyň ýanynda baýramçylyk kerweni iň gowy arzuwlardyr ruhubelentlik bilen garşylanyldy. Soňra Aýazbabanyň we onuň dostlarynyň gezelenji Aşgabat şäherine tarap ugur aldy.
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada oturdylan arçanyň ýanyna ýygnananlar, şol sanda çagalar dabara gatnaşyjylary şatlykly garşylaýarlar. Aýazbaba jadyly taýagynyň kömegi bilen Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakýar. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň, Döwlet sirkiniň artistleri, orta we ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlary sahnalaşdyrylan çykyşlary bilen myhmanlaryň ruhuny belende göterdiler. Horeografik toparyň çagalary bolsa goşgulary, aýdymdyr tanslary ýerine ýetirdiler.
Birnäçe wagtdan soňra, baýramçylyk kerweni ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylan “Älem” medeni-dynç alyş merkezine geldi. Bu ýerde döredilen ertekilerdäki ýaly jadyly görnüşleriň üsti bilen Täze ýylyň golaýlap gelýändigi aýratyn duýulýar. Bagtyýar çagalaryň joşgunly aýdym-sazlarynyň owazynyň astynda myhmanlar dürli yşyklarda ýalkym saçýan derwezeden girip, ajaýyp baýramçylyk meýdançasyna bardylar. Aýazbabany we Garpamygy Gündogar müçenamasynyň ýyllaryny alamatlandyrýan lybaslardaky çagalar uly şatlyk bilen garşylaýarlar. Tamamlanyp barýan 2025-nji ýylyň we täze — 2026-njy ýylyň gahrymanlary ajaýyp goşgularyny täsin gyş baýramçylygynyň myhmanlaryna bagyşladylar. Dürli yşyklar bilen bezelen arçalaryň sazlaşygy ajaýyp agşamky görnüş bilen utgaşyp, ýatdan çykmajak gurşawy döredýär. Paýtagtymyzyň teatr toparlary, ýaşajyk artistler, meşhur estrada aýdymçylary aýdym-sazly çykyşlary bilen arçanyň töweregini baýramçylyk şatlyk-şowhunyna beslediler.
Aýazbaba we Garpamyk dabara gatnaşýan körpeleriň adyndan hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Watanymyzyň abadançylygy, gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler. Bu ýere ýygnananlar ösüp gelýän ýaş nesiller, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi barada edýän tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler.
Körpeleriň islegi boýunça Aýazbabanyň jadyly taýagy arkaly owadan arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi. Şol pursatda ýurdumyzyň welaýatlaryndaky şäherleriň meýdançalarynda oturdylan Täze ýyl arçalarynyň ählisi hem jadyly yşyklarda ýalkym saçdy. Bu ýerlerde-de köpöwüşginli baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyrylyp, aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Çagalar şadyýan aýdymlary bilen arçalaryň daşyndan aýlandylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan süýjülikleriň we sowgatlaryň gowşurylmagy ýaşajyk türkmenistanlylar üçin ýatdan çykmajak pursada öwrüldi. Ertekiler dünýäsindäki keşpler bilen utgaşýan bu baýramçylyk çagalar üçin hem, ulular üçin hem ýatdan çykmajak wakadyr. Täze ýylyň ajaýyp dabarasyna ýurdumyzyň köp sanly raýatlary uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.
Jennet GARAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.