Saglyk — sagdynlygyň we bagtyýarlygyň gözbaşy
01-06-26
Parahatçylykdan binýat bolan abadan durmuşyň, bagtyýar ýaşaýşyň gymmaty ynsan saglygy, sagdynlygy bilen has-da artýar. Şu jähetden, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde raýatlarymyzyň saglygynyň mäkäm goraglylygyny üpjün etmek, bu babatda ýokary hilli lukmançylyk-bejeriş, şypahana hyzmatlaryny hödürlemek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr».
Pederlerimiz ynsan saglygy, onuň gymmaty bilen baglylykda «Bar zadyň sakasy saglyk», «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk», «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok», «Giň bolsaň kem bolmaz, saglykdan özge dem bolmaz» diýen pähimleri döredipdir. Çünki diňe saglygyň-sagdynlygyň bar ýerinde ýaşaýyş gözelleşýär, durmuş has-da abadanlaşýar. Saglyk bolsa sagdyn ýaşaýyş gurşawyny kemala getirmekden başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, 1995-nji ýylda lukman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň, 2015-nji ýylda bolsa onuň rejelenen görnüşiniň kabul edilendigini bellemek gerek. Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu maksatnamanyň kabul edilmegine 31 ýyl dolar, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, halkymyza edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşmagy milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipedir. Şu jähetden, döwlet Baştutanymyz gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň, şol sanda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, şeýle-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýüniň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Täze guruljak bu saglygy goraýyş desgalary ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň üstüni ýetirip, olar dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylar we halkymyza halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlär.
Lukmançylyk edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de innowasion ugurlara gönükdirmek häzirki döwrüň öňde durýan esasy wezipeleriniň biridir. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz ähli binalarda bolşy ýaly, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyk işlerinde-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, saglyk edaralarynyň ylmyň soňky gazanan döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, olarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy babatda anyk tabşyryklar berildi.
Ýaş nesiller abadan geljegimiziň eýeleri bolup, olaryň saglygy hakdaky alada bagtyýar ertirlerimiziň kepilidir. Şu nukdaýnazardan, ýaş nesilleriň saglygyny berkitmek babatda ştab-kwartirasy Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň uly işleri alyp barýandygyny nygtamalydyrys. Gazna paýtagtymyzdaky, welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergileriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur enjamlary satyn almak üçin serişdeleri yzygiderli bölüp berýär. Şeýle çagalar üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda çylşyrymly hem-de inçe ugurly lukmançylyk bejergileri geçirilip, operasiýadan soňky sagaldyş-dikeldiş işleri täze şäherdäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýar. Aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan ýaşajyk raýatlarymyzyň saglygy, olaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň goşulyşmagy baradaky alada bu işleriň baş maksady we esasy ýörelgesi bolup durýar.
Görnüşi ýaly, «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alnyp, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde eziz Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramak hem-de dürli keselleriň öňüni almak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek babatda giň göwrümli çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň raýatlarynyň bagtyýar we abadan ýaşamagy, zähmet çekmegi, saglyk goraglylygyny üpjün etmegi üçin iň amatly şertleri döredýän durmuş ugurly syýasaty amala aşyrýan ýurt hökmündäki halkara abraýyny has-da artdyrýar.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Halym HALYMOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň Çaga hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.