Ynsan saglygynyň goragynda

01-06-26

Sagdyn jemgyýet gülläp ösýän döwletiň daýanjy bolup durýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähime eýerilip, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işi halkara derejede ösdürilýär. Bu babatda 30 ýyl mundan ozal, lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna aýratyn orun degişlidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň üstünliklerine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem syn-seljerme berildi.

Halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň baş baýlygydyr, şol sanda nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň hem berk binýadydyr. Şu jähetden, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda täze saglygy goraýyş toplumlarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy aýdyň tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň köpugurly hassahanasynyň, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň, paýtagtymyzda köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde köpugurly hassahananyň düýbüniň tutulmagy meýilleşdirilýär. Şeýle-de Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň uludan dabaralandyrylan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ylmy taýdan esaslandyrylan saglyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde milli saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy hem-de bu babatda Türkmenistan döwletimiz onlarça halkara güwänamalara mynasyp boldy. Häzirki wagtda Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň alyp barýan işleri hem bagtyýar, sagdyn geljegimize gönükdirilendir. Hut şu ýyl Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy uly ruhubelentlikde bellenildi. Halkara maslahat geçirilip, onuň Jemleýji resminamasy BMG-niň resmi dillerine terjime edildi hem-de Baş Assambleýanyň sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

Häzirki wagtda bolsa paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. Şeýle hem «Arçman» şypahanasynda goşmaça 400 orunlyk binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak ba­ra­da­ky öňe sür­ýän oňyn baş­lan­gyç­la­ry, taý­syz ta­gal­la­la­ry döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň düýp öze­nin­de hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, adam öm­rü­niň dowamlylygyny uzalt­mak ýa­ly we­zi­pe­ler esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­myz hem yn­san sag­ly­gy­na uly äh­mi­ýet be­rip­dir­ler. Pä­him­dar pe­der­le­ri­mi­ziň pä­him-paý­ha­syn­dan sy­zy­lyp şu gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­ten, hal­ky­my­zyň dur­mu­şy­ny, yk­ba­ly­ny, sö­zü­niň hem-de pi­kir go­ýa­zy­ly­gy­nyň şi­rin­lik gym­ma­ty­ny özün­de jem­le­ýän pa­ra­sat­ly söz­ler­de hem sag­lyk, yn­san sag­ly­gy ba­ra­da­ky aja­ýyp jüm­le­ler uly ma­ny-maz­mu­na eýe bo­lup dur­ýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paý­has çeş­me­si» ki­ta­byn­da hem şeý­le bel­le­nil­ýär: «Akyl­dan ar­tyk baý­lyk ýok, sag­lyk­dan gym­mat zat ýok», «Bar za­dyň sa­ka­sy sag­lyk», «Sag­lyk — baý­lyk». Ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne esas­lan­ýan yn­san­per­wer sy­ýa­sat bu gün bü­tin dün­ýä­de yk­rar edil­ýär.

Şeýlelikde, saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygaryň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Saglygy goraýyş ulgamyny barha kämilleşdirmek babatda ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Mähri MYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň Kesel bejeriş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.