BILIMLI ÝAŞLAR – WATANYŇ GELJEGI

19-12-25

Türkmen halky — ähli döwürlerde bilime we bilimli bolmaga uly ähmiýet beren halk. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Okamadyk öküner, dil gysgadyr sakynar», «Işiň ussasy — okamak», «Okaýan il ozar, okamaýan il tozar» ýaly nakyllar we atalar sözi bilime diňe bir türkmen halkynyň dälde, eýsem, tutuş adamzadyň şu gününi hem geljegini kesgitleýän gymmatlyk hökmünde garaýandygyny aýdyň görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy ýokary ösüşlere eýe boldy. Maglumatlaryň ýokary depginler bilen köpelýän, innowasion tehnologiýalaryň adamlaryň durmuşyna ýokary tizlik bilen aralaşýan döwründe bilim ulgamyna täze usullar ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim, syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, medeni taýdan gazanan ägirt uly ösüşleri we özgerişleri bu gün bütin dünýä ýaň salýar. Islendik döwletiň ýokary derejede ösmegi şol ýurduň bilim, ylym, saglyk we medeniýet ulgamlarynyň kämilleşdirilişi bilen baglanyşdyrylýar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler we täze ösüşler gönüden-göni ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, bilim özgertmeleriniň hukuk binýady berkidildi. Kämil Kanunlaryň kabul edilmegi döwletimiziň ykdysady, medeni, durmuş ugurlaryndaky ynamly ösüşlerini we ygtybarly öňe gitmegini kepillendirýär. Bilim babatda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän, döwlet syýasatynyň bilim ulgamyndaky binýatlyk ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) kabul edildi. Ýurtda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek üçin ýokary bilimli we medeniýetli, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, başarjaň şahsyýetleri we işine ussat hünärmenleri taýýarlamak zerur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamlaryndaky özgertmeleri netijesinde, mugallymçylyk iş tejribesine kompýuter tehnologiýalary we okatmagyň interaktiw usullary işjeň ornaşdyryldy. Internetiň global ulgamynyň, maglumatlar serişdeleriniň elýeterliligi giňeldildi. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli basgançaklary üçin döwrebap düzülen okuw meýilnamalary we maksatnamalary, okuw kitaplary hemde okuw-usuly gollanmalary taýýarlanyldy. Ýaşlaryň islegine görä goşmaça ugurlar boýunça bilim almaga şertler döredildi. Hormatly Prezidentimiz her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar gününde ilkinji gezek mekdebe gadam basýan okuwçylara kompýuterleri sowgat berýär. Şeýle döwrebap kompýuterleriň öz ýurdumyzda öndürilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Bilimli-ylymly, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesli kemala getirmek bilim işgärleriniň baş wezipesi bolup durýar. Gahryman Prezidentimiziň ajaýyp çözgütleri döwletimizi, häzirki zaman türkmen jemgyýetini syýasy, durmuş-ykdysady we ruhy-medeni taýdan has-da sazlaşykly ösdürmegiň, bagtyýar nesillerimize döwrebap bilim-terbiýe bermegiň düýpli ylmy esaslaryny goýdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyryp, uly ösüşler we özgerişler bilen öňe barýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary we irginsiz aladalary bilen, halkymyz eşretli hem bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Halkymyz milli Liderimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasyna, gujur-gaýratyna, ynsanperwer ýörelgelerine uly hormat we sarpa goýýar. Beýik taglymatlara beslenen bu döwür Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyna peşgeş eden bagtyýar döwrüdir. Bu döwrüň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryny gorap saklamakda, nesillerden-nesillere dowam etdirmekde bilim işgärlerine uly ynam bildirilýär. Bu beýik işleriň ähmiýetini ýaş nesillere düşündirmek, halk arasynda wagyz etmek, watansöýüji nesilleri ýetişdirmek her birimiziň borjumyzdyr.

Goý, tutuş dünýäde mukaddes Watanymyzyň at-abraýyny belende göterýän, atababalarymyzyň gadymdan gelýän asylly däplerine, ýörelgelerine eýerip, türkmen halkyny bagtyýar geljege ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Sähragül GURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.