Tä­ze ýyl şowhunlary

20-12-25

Ýa­kyn­da paý­tag­ty­my­zyň gö­zel kün­jek­le­ri­niň bi­rinde ýerleşýän «Älem» me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zin­de Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň hor­ma­ty­na ýur­du­my­zyň Baş ar­ça­sy­nyň yşyk­la­ry­ny ýak­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Ýa­şyl don­ly ar­ça­la­ryň dür­li öwüş­gin­le­ri mer­jen şä­he­ri­miz Aş­ga­ba­dyň görküne görk goşýar.

Hemmelerde täsirli duýgulary, ýatdan çykmajak pursatlary galdyran Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasyna bagtyýar çagalar bilen birlikde dabaranyň arzyly myhmanlary bolan ertekileriň gahrymanlary, Aýazbabadyr Garpamyk gatnaşdylar. Olar, ilki bilen, welaýatymyzyň dürli künjeginde myhmançylykda boldular. 2025-nji ýylda welaýatymyzda açylyp, ulanylmaga berlen täze desgalara aýlanyp, olaryň mümkinçilikleri bilen tanyş boldular. Uzak-uzak ýollary geçip gelen Aýazbaba Garpamyk bilen bilelikde ak paýtuna münüp Mary şäheriniň gözel ýerlerine-de aýlanyp gördüler. Şeýlelik bilen Garpamykdyr Aýazbaba çagalar bilen baýramçylyk şowhunyny artdyrýan bezemen, giň köçeleriň gijeki owadanlygyny synlap, welaýatymyzdaky “Türkmeniň Ak öýi” binasyna geldiler. Göreni haýrana goýýan bu meýdança diýseň owadan bezelipdir.

Adam kal­by­ny heý­ja­na sal­ýan Tä­ze ýyl üçin hä­zir­ki gün­ler­de ba­zar­lar­da, söw­da mer­kez­le­rin­de Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ne bo­lan hal­kyň is­le­gi ju­da ýo­ka­ry. Şöh­le saç­ýan şar­ja­gaz­la­ryň, dür­li haý­wan­jyk­la­ryň, be­zeg gar­ja­gaz­la­ry­nyň top­lu­my her bir yn­sa­ny özü­ne ben­di edip, Tä­ze ýyly garşy almaga how­luk­dyr­ýar. Şöh­rat-şa­na bes­le­nen mer­jen şä­her Aş­ga­ba­t bu gün be­ze­men ar­ça­la­ryň el­wan öwüş­gin­le­ri bi­len ýal­kym saç­ýar.

Şu gün­ler­de toý-baý­ram­ly ýur­du­myzyň äh­li ýerin­de owa­dan hem be­lent ar­ça­lar otur­dy­lyp, baý­ram­çy­lyk be­zeg­le­ri giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Dür­li öwüş­gin saç­ýan çy­ra­jyk­lar, yşyk­lan­dy­ry­jy be­zeg­ler­den eme­le ge­len owa­dan ly­ba­sa bes­le­nen ar­ça­laryň tö­we­re­gi­ne müň­ler­çe adam­ ýyg­na­nyp, bi­rek-bi­re­ge aba­dan­çy­lyk, bag­ty­ýar­lyk ar­zuw­la­ýar­lar.

Ýur­du­myz­da her ýy­ly üs­tün­lik­li jem­läp, gel­jek ýy­ly my­na­syp zäh­met ga­dam­la­ry bi­len gar­şy­la­mak asylly ýö­rel­gä öw­rül­di. Ta­mam­la­nyp bar­ýan 2025-nji ýy­l hem aja­ýyp öňe­gi­diş­lik­le­riň en­çe­me­si­ni yk­ba­ly­my­za ba­gyş et­di. Ta­mam­lan­ýan ýy­lyň ne­ti­je­le­ri bol­sa, ýe­tip gel­ýän 2026-njy ýy­lyň hem uly rowaçlyklara beslenjek­di­gi­ni de­lil­len­dir­ýär.

Şu ýy­lyň 5-nji de­kab­ryn­dan baş­lap Tä­ze ýyl baý­ram­çy­lyk söw­da­la­ry­na ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da hem-de Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de ýer­leş­ýän söw­da mer­kez­le­rin­de, ba­zar­lar­da, dü­kan­lar­da ba­dal­ga be­ril­di. Söw­da no­kat­la­ryn­da­ky azyk bol­çu­ly­gy­nyň türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­si­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Olar da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni ýyl­sa­ýyn art­dyr­ýar­lar. Paý­tag­ty­myz­da­ky we se­bit­ler­dä­ki söw­da mer­kez­le­rin­de, ba­zar­lar­da süýt we et önüm­le­rin­den baş­lap, süý­jü­le­ri, ka­ka­dy­lan mi­we­le­ri, gök önüm­le­ri, kon­ser­wir­le­nen önüm­le­re çen­li türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň ön­dür­ýän dür­li önüm­le­ri­ni sa­tyn al­mak bol­ýar.

Ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Tä­ze ýyl baý­ram­çy­lygyny şat­lyk-şow­hun­da ge­çir­mek üçin uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Jem­gy­ýet­çi­lik bi­na­la­ry­nyň öňün­de owa­dan ar­ça­lar otur­dyl­ýar, şä­he­ri­mi­ziň kö­çe­le­ri­niň ug­run­da­ky da­ragt­la­ry dür­li öwüş­gin­li çy­ra­jyk­lar be­ze­ýär, meý­dan­ça­lar­dyr se­ýil­gäh­ler şow­hun­ly kon­sert meý­dan­ça­la­ry­na öw­rül­mä­ge ta­ýyn­lan­ýar. We­la­ýat­lar­da, et­rap­lar­da we şä­her­çe­ler­de Tä­ze ýyl baý­ra­my my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ge­çi­ril­ýär.

Goý, Täze 2026-njy ýyl — Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň belleniljek ýyly bagtyýar halkymyz üçin täze ýeňişleriň we üstünlikleriň, belent sepgitleriň hem-de ösüşleriň, bolelin durmuşyň, rysgal-bereketiň, toý-baýramçylyklaryň ýyly bolsun! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz mundan beýläk hem gülläp össün! 

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.