DÖWREBAP ÖSÜŞLERIŇ YGTYBARLY BINÝADY
22-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň hili we mazmuny yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Türkmen halky hemişe bilim-ylma aýratyn sarpa goýup, ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary barada uly alada edýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ylmyň döwrebap ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna kämil tehnologiýalar hem-de dünýä ylmynyň gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň ugurlarynyň işi kämil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen barha ilerleýär. Bu bolsa eziz Diýarymyzda döwrebap mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeler gazanylýar. Şunda bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim toruny döretmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak esasy wezipe bolup durýar. Bu resminama tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan işini kämilleşdirmegi, bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Türkmenistan sanly özgertmeleriň, ähli ulgamlara innowasiýalary çekmegiň işjeň tarapdary bolmak bilen, ýurdumyzda iň gowy dünýä tejribelerini öwrenmäge hem-de özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Hut şonuň üçin-de soňky ýyllarda kabul edilen döwlet maksatnamalarynda tutuş ýurdumyzda internete elýeterliligiň giňeldilmegine, öýjükli aragatnaşygyň hiliniň gowulandyrylmagyna uly üns berilýär. Munuň özi sanly hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda bilim edaralary ýokary tizlikli, giň zolakly tor aragatnaşygy bilen üpjün edilip, ýokary hilli bilim hyzmatlaryny almak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim bermegiň döwrebap usullarynyň biri-de uzak aralykdan bilim almakdyr. Bu bolsa raýatlaryň bilim hem hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Tehnologiýalaryň ösen döwründe okatmagyň we bilim bermegiň döwrebap görnüşlerinden peýdalanylýar. Bilim bermegiň täze usullaryny durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň milli ýörelgelerimize laýyk gelmegi esasy wezipeleriň biridir. Beýik ösüşler we döwrebap mümkinçilikler bilim işgärlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Döwrebap ylmy-tehniki gazanylanlar, bilimler we innowasiýalar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagyň, ähli ulgamlarda öňegidişligiň, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň ygtybarly binýadydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyz beýik ösüşlere eýe bolýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” ýaşlara bilim öwretmek, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda yhlasly zähmet çekmek bagtyýarlykdyr. Şonuň üçin bu günki günde bilim işgärleri, mugallymlar okatmagyň iň döwrebap usullaryndan ugur alyp, ýaşlaryň bilim derejesini ösdürýärler, ýaş nesli milli ruhda terbiýeleýärler. Bu günki alnyp barylýan her bir iş ylmy esasda guralýar. Ylym ähli ösüşleriň gözbaşy bolup, belent üstünliklere ýetmekde möhüm ugur bolup durýar. Hut şonuň üçin hem ylmyň iň täze gazananlary bolan innowasion tehnologiýalar bilim ulgamynda hem üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi döwrümiziň beýik ösüşlere beslenýändigini, uly üstünliklere eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.
Mähri JÜMMIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Inçekesel kafedrasynyň assistenti.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.