Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
11-nji ýanwarda ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de durky täzelenýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
10-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowy daşary ýurt ýolbaşçylary Täze ýyl baýramy bilen gutladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşady kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
3-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Size we ýakynlaryňyza täze ýylda bagtyýarlyk, berk jan saglyk hem-de abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan edýärin. Goý, 2025-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda dostluk we hyzmatdaşlyk has-da pugtalansyn!

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Siziň Alyhezretiňizi we dostlukly hem-de doganlyk Türkmenistanyň halkyny Täze ýyl bilen gutlaýaryn. Täze, 2025-nji ýylda dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň pugtalanmagynyň şaýady boljakdygymyza ynanýaryn.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaby bilen tanyş etdi
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.