Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
1681452ab81c94.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi

1-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.

16810722f7a6ec.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

16813027035a44.jpeg
10 aý ozal
Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

30-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

1681301a0dfc0b.jpeg
10 aý ozal
Döredijilikli syýasat we netijeli hyzmatdaşlyk — Watanymyzyň täze üstünlikleriniň kepili

Geçen hepde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze sepgitlerine tarap ynamly gadam urýan halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň üstünliklere beslenýändigini tassyklaýan möhüm wakalara baý boldy.

16811b7783f09d.jpeg
10 aý ozal
Gahryman Arkadagymyz Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi bilen duşuşdy

29-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşdy.

16811b6ed8bb08.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

1680f190e62007.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

1680f1801e9e48.jpeg
10 aý ozal
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

26-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

1680f168d61f7d.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul etdi

27-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuny kabul etdi.

1680f1528dda68.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

27-nji aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.