Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
30-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.

Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine döredijilik we hyzmatdaşlyk ýoly bilen
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistany bedew bady bilen ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça netijeli çäreleri amala aşyrýar, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitindäki çykyşy
Ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti hormatly Wladimir Wladimirowiç Putine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. Türkmenistan «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitine ilkinji gezek gatnaşýar. Biz şeýle wekilçilikli çärä çakylyk üçin minnetdarlyk bildirýäris we muny Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşany hökmünde kabul edýäris.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
Kazan şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
24-nji oktýabrda Kazan şäherinde geçýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy
24-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna ugrady
23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.