Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
9-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleri hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, döredijiligiň ýoly bilen
Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň okgunly ösüşini we özgertmeler kuwwatyny aýdyň görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady we şol ýerde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-fransuz ykdysady forumyndaky çykyşy
Şu duşuşygy geçirýändigimize örän şatdyryn. Meniň forumdaky çykyşym üç ugurdan ybarat bolar: birinjisi, Türkmenistanyň häzirki geosyýasy ýagdaýy, ikinjisi geoykdysady ýagdaýy, üçünjisi bolsa bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen bagly meseledir.
Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary
Ozal habar berlişi ýaly, 5-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda möhüm duşuşyklar we gepleşikler, şol sanda dostlukly ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron bilen gepleşikler geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy
5-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
5-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýär. Ynha, şu gün hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşýarys.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.