Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
167ef7061dedee.jpeg
8 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy

3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy.

167ef6ad8ce634.jpeg
8 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

167ee1b37d618b.jpeg
8 aý ozal
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

2-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

167eb7340d00c1.jpeg
8 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary

31-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenarynda guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy we halkara çärelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

167eb72682cc69.jpeg
8 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşlikleri

31-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

167e62cd582946.jpeg
8 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherinde iş saparynda boldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

167e626c5abc0b.jpeg
8 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekilini kabul etdi

27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasy kabul etdi.

167e38869bc85b.jpeg
8 aý ozal
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi mukaddes Oraza aýynyň ynsanperwerligi, sahawatlylygy hem-de ýagşylygy dabaralandyrýan Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mübärek Gadyr gijesiniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän, döredýän hem-de gurýan mähriban halkymyzyň kalbynda ýakymly duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn.

167e4d5c819ea5.jpeg
8 aý ozal
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

Sizi Nowruz baýramy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu bahar baýramy agzybirligiň, hoşniýetli däpleriň, parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň nyşany bolup durýar.

167e230e20f9d6.jpeg
8 aý ozal
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ägirt uly halkara ähmiýetli taryhy hem-de şanly wakasy — 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.