Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Halkara sergiler — Watanymyzyň üstünliklerini dünýäde wagyz etmegiň ähmiýetli giňişligi
Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» netijeli durmuşa geçirmek, halkara sergi işini ösdürmekde abraýly halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» tassyklaýan degişli Karara gol çekdi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary
18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahata gatnaşýar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady
17-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.
Türkmenistan parahatçylyk we ylalaşyklylyk diplomatiýasyny ilerledýär
«Türkmenistan netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş etmek bilen, hoşniýetlilige, medeni gatnaşyklara, iň gowy tejribeleriň we garaýyşlaryň alşylmagyna esaslanýan hem-de ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan döwletara dialogy alyp barýar» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar. BMG-niň Düzgünnamasyna we maksatlaryna laýyk gelýän bu ýörelgeler dostlugyň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň berk köprüsini gurmaga ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
13-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana iş sapary başlandy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen bardy.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigini geçirmegi belledi
Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran 2222-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.