Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
16540809194d92.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

30-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

1653f2c6640c34.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

16539e85378ad1.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy

25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

16538a33d9b693.jpeg
2 ýyl ozal
Netijeli hyzmatdaşlyk ugrunda bilelikdäki tagallalar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň kepili

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

16537444ad907f.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

16535f582359ff.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri hem-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

16535f44f79afb.jpeg
2 ýyl ozal
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň bilelikdäki harby okuw türgenleşigi

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow «Kelete» okuw-türgenleşik merkezine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň bilelikdäki harby okuw türgenleşigi geçirildi.

16532003f86fb2.jpeg
2 ýyl ozal
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary tamamlandy

19-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy.

16531ff2c0f519.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Halkara sergiler — Watanymyzyň üstünliklerini dünýäde wagyz etmegiň ähmiýetli giňişligi

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» netijeli durmuşa geçirmek, halkara sergi işini ösdürmekde abraýly halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» tassyklaýan degişli Karara gol çekdi.

16530b28daee53.jpeg
2 ýyl ozal
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary

18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.